Saglyk - abadan durmuşyň çeşmesi

27-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ykrar eden sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda çuňňur ornaşýar. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykarylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda gurlan we gurulýan sport mekdepleri, toplumlary, dynç alyş, sagaldyş merkezleri, şeýle-de beýleki desgalar bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýär.

Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda bedenterbiýä we köpçülikleýin sport hereketlerine giň gerim berilmegi ýaş nesli diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzda gurlan döwrebap stadionlardyr sport toplumlarynda türgenleşmäge we uly üstünliklere ýetmäge ähli şertler döredildi. Bu zatlar höwesli çagalara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan Olimpiýa şäherçesinde sportuň ähli görnüşi bilen baglanyşykly desgalaryň ençemesi jemlenendir.

Ýurdumyzda sportuň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Çünki sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Dürli ýaşdaky raýatlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýaş türgenlerimiz diňe bir Türkmenistan döwletimiziň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlar edýärler.

Bagtyýar halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny dikeltmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.