Sagdyn iýmitlenmek - bagtyýar durmuş
03-04-26
Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.
Her pasylda sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Ak bazarlardan we söwda merkezlerinden satyn alynýan iýmit önümleriniň belgileniş nyşanyna we saklanyş usulyna hökman üns bermeli. Satyn alnyp öýe getirilen iýmit önümlerini sowadyjyda saklamaly. Gök önümleri we miweleri akar suwuň aşagynda gowy edip ýuwanyňdan soňra, sowadyja ýerleşdirmeli. Tagamlary gerekli mukdarda taýýarlamaly. Aşa köp taýýarlap, olary birnäçe gün sowadyjyda saklap iýmäge ýol bermeli däl. Işdäaçarlar ter gök önümlerden we miwelerden ösümlik ýagy goşulyp taýýarlanmaly.
Şöhlat önümleri we maýonez goşulan we gaplanan duzly tagamlary yzygiderli iýmekden saklanmaly. Gazlandyrylan süýjüli içgileri gapagy açylandan soňra uzak saklaman içmeli. Yssy ýerden gelen badyňa sowadyjydan sowuk suw alyp içmeli däl. Tagamy artykmaç iýip, ýüzin ýatmaly däl. Günüň dowamynda azyndan 5-6 sany gök önüm we miwe iýmeli hem-de kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyna üns bermeli.
Gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.
Öz agramyny kadaly ýagdaýda saklamak barada alada edýän adamlaryň aglabasynda şeýle sowal ýüze çykan bolsa gerek: Nähili çäre görse gowy bolar — berk berhiz saklamalymy ýa-da dogry iýmitlenmek ýörelgelerine salgylanmaly? Köpler üçin bu çäreleriň ikisem şol bir zat ýaly, emma, aslynda bu beýle däldir. Olaryň hersi özbaşyna bir ýörelgedir.
Berhiz — köplenç halatda iýmitleniş tertibiňi çäklendirmekdir. Bu babatda hatda has berk talaplary bolmadyk berhiz hem witaminleriň hem-de mikroelementleriň ýetmezçiligine getirip biljek miwelerden özüňi saklamagy talap edýär. Käbir berhizler bolsa beloklaryň, uglewodlaryň, şeýle-de adamyň saglygy üçin has wajyp bolan elementlere eýe bolan önümleri (et, däneler, käbir bakja we miwe önümleri…) çäklendirýär ýa-da olary dolulygyna gadagan edýär.
Berhizler, adatça, belli bir netijäni gazanmakda belli bir wagt üçin täsirli, ýagny horlanmak, çylşyrymly operasiýalardan soň ýagdaýyňy kadalaşdyrmak ýa-da bejerginiň bir bölegi hökmünde, mysal üçin aşgazan ýarasy ýa-da gastrit üçin täsir edýär. Hemişe berhiz saklamak, adatça, käbir iýmitleriň ulanylmagynda ýagdaýy ýaramazlaşyp biljek agyr hroniki keselleri bolan adamlar, mysal üçin, süýji keseli ýa-da aşgazan-içege ulgamynda uly göwrümli operasiýalary geçiren adamlar üçin mahsus bolýar. Biz bolsa hemişe iýmitiň berk çäklendirilmegini talap etmeýän ýagdaý, umuman sagdyn adamlar dogrusynda gürrüň edýäris.
Sagdyn adam üçin berhiz tutmak hemişe çäklidir — bu üç günden bir aýa çenli aralykda bolup biler. Mono-berhizler (berhiz bir önümi içine alanda) üç günden köp bolmaly däldir. Soňra zerur witaminleriň we minerallaryň ýiti ýetmezçiligine ýa-da agramyň pese düşmegine sebäp bolmazlygy üçin iru-giç berhizden el çekmeli bolýar. Berhiziň esasynda gazanylan netijäni saklamak üçinem dogry ýa-da kadaly iýmitlenmek ýardam edýär.
Kadaly iýmitlenmek — bu çäklendirmelere däl-de, dürli hili iýmitlere esaslanýan düzgünleriň bir görnüşidir. Dogry iýmitlenmek käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Mysal üçin, bu ýagdaýda kömelek bilen gowrulan ýeralmany ýa-da kremli torty halaýan adam bu iýmitlerden doly ýüz öwürmeli bolmaz, ol diňe degişli iýmitleri iýmegini çäklendirer.
Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti häzirki zaman adamsyna tanyş bolan önümleriň ähli görnüşlerinden — etden (köplenç halatda «ak» - towuk, hindi towugy), dänelerden, deňiz we derýa balyklaryndan, hoz we guradylan önümlerden, miwelerden, az ýagly süýt we turşy süýt önümlerinden, möwsümleýin miwelerden we gök önümlerden, uglewodlary çäkli mukdarda bolan önümlerden (şeker, ak undan bişirilen önümler, gazlandyrylan içgiler…) we haýwanlaryň ýaglary bolan önümlerden ybaratdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň sagdyn durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Mähriban NURSAHEDOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.