Sagdyn iýmitiň ähmiýeti
03-01-26
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.
Gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.
Bu endikler keseliň döremeginiň öňüni alýar we uzak ýaşamaga şert döredýär. Sagdyn iýmitlenmekden başga-da, witaminler we antioksidantlar hem saglygymyzy berkitmekde möhüm orun tutýar. Olar bedenimiz üçin zerur bolur durýar.
Bedenimize zerur bolan köp görnüşli witaminler bar. Olardan A, B1, B2, B3, B6, B12, C, D, E, K witaminlerini agzamak bolar. Olaryň her biriniň saglygymyza peýdasy örän uludyr. Agzalan witaminleriň käbiriniň häsiýetleri barada durup geçsek, B1 witamini bagyrda we ýumurtgada bolýar. Onuň ýetmezçiligi myşsa kesellerine sebäp bolýar.
B2 witamini bagyrda, etde we däne önümlerinde bolýar, ýetmezçiligi ganazlyga we deriniň bozulmagyna sebäp bolýar. B3 witamini balyklarda, etde we hozda bolýar. Onuň ýetmezçiligi nerw bozulmalaryna we deri kesellerine getirýär. B5 witamini ýumurtgada, gök önümlerde bolmak bilen, bu witamin ýetmezçilik edende myşsada näsazlyklar, gaharjaňlyk ýüze çykýar.
B6 witamini gök önümlerde, dänelerde we et önümlerinde bolýar. Onuň ýetmezçiliginde ynsan bedeninde ganazlyk we energiýanyň peselmegi ýaly näsazlyklar bolup bilýär. Bagyrda we gyzyl etde bolýan B12 witamininiň ýetmezçiliginde ganazlyk we energiýanyň ýitmegi dö reýär. C witamini limonda, apelsinde, mandarinde, gök önümlerde we ýeralmada bolýar. Ol deriniň hiline we deriniň gowulaşmagyna oňyn täsir edýär. D witamini bolsa, balyk we süýt önümlerinde bolmak bilen, onuň ýetmezçilik eden ýagdaýynda süňkleriň bozulmagy ýüze çykýar.
Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýna GYZYLOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.