Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk

05-01-26

Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

Ata Watanymyzda adam hakyndaky alada esasy orunda goýlup, onuň saglygynyň ygtybarly goralmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýşy ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda alnyp barylýan köptaraply işleriň täze derejä çykmagy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler dowamly häsiýete eýe bolup, täze hassahanalary, bejeriş-sagaldyş edaralaryny gurmaga, olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.

«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende, dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylýar. Şol bir wagtda taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlary bu işlere çekmäge uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş maksatly binalaryň halkara hil ölçeglerine we talaplaryna doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Täze taryhy eýýamda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we köpugurly hassahana, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahana we onkologiýa hassahanasy hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralary ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. Gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer.

Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Goý, ata Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, oňat dynç almagyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.