Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi
05-01-26
Döwrebap dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Bu maksatnamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň saglygyny goramaga, hil taýdan ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen täze häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamyny emele getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ulgam halkyň saglygyny goramakda geçirilýän işleriň toplumlaýyndygy, ulgamlaýyn häsiýete eýedigi bilen halkara bilermenleriniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ilatyň saglygyny goramaga degişli dünýädäki öňdebaryjy iş tejribäni özünde jemleýän döwrebap kanunlaryň kabul edilendigini, saglygy goraýyş kömeginiň ilkinji basgançaklarynda bu kömegiň iň bir netijeli görnüşi bolan maşgala lukmançylygyna geçirilendigini, saglygy goraýyş ulgamyna ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny aňladýar.
Bu bolsa saglygy goraýyşda sagdyn adamlaryň sagatlygyny saklamagyň, keselleriň öňüni almagyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň öňe sürülýändigini, saglygy goraýşyň ähli derejelerinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman binalarynda ýerleşdirilýändigini, saglygy goraýyş kömeginiň ähli raýatlara deň derejede elýeterdigini görkezýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýurduň sanitar-epidemiki we ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwletimiziň alyp barýan saglyk syýasatynda iň bir öňe sürülýän ugurlaryň biridigini guwanç bilen bellemelidiris. Bu günki günde ähli welaýatlarda «Ene mähri» merkezleriniň hereket edýändigi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistany poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja kesellerinden tutuşlygyna saplanan ýurtlaryň sanawyna goşmagy aýdanlarymyzyň aýdyň tassyklanmasydyr.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi ylma we innowasiýalara daýanýan maglumat jemgyýetini, sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi jemgyýetimiziň iň esasy gymmatlygy bolan raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi, agzybir halkymyza, hemişelik Bitarap Watanymyza guwanmagy, saglygy we abadan durmuşy hakyndaky aladanyň Berkarar döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülendigini aýdyň subut edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe milletimiziň genofondunyň has-da berkemegine, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek, ilatyň ünsüni sagdyn durmuş ýörelgelerine gönükdirmek, munuň üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berýär.
Güneşli Diýarymyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň özenini düzýän sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmeginde kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden daşda durmagyň, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmagyň, ruhy sagdynlygyň, arassa howada işjeň hereket etmegiň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň sagdynlygyň esasy girewidigi halkymyza köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli wagyz edilýändigini-de ýeri gelende bellemelidiris.
Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän her bir sepgit täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýjahan HOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.