Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitleri
03-11-25
Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Ýaňy-ýakynda 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.Watanymyzda ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanyp, raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda innowasion tehnologiýaly häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ildeşlerimiziň hyzmatyna berilmegi hem ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de beýleki saglygy goraýyş desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryljak bu desgalar ýurdumyzda öňden bar bolan saglygy goraýyş merkezleriniň we desgalarynyň üstüni ýetirer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belent sepgitlere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlarymyzyň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, raýatlarymyzyň saglygynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly syýasatyň netijesidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda «Saglyk» döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär. Soňky ýyllarda eziz Diýarymyz halkara sport ýaryşlarynyň sebitdäki iň iri merkezleriniň birine öwrüldi.
Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa biz – ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny çäksiz buýsandyrýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň mekanyna öwren, türkmen halkyny döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.