Daşky gurşawyň goragy — sagdyn durmuşyň özeni

05-01-26

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa meseleleri boýunça umum adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň abraýly münberinde beýan eden ekologiýany gowulandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ähli halk goldawyna eýe bolandygyna begenjimiziň çägi ýok. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ajaýyp seýilgähleriň we tokaýlaryň meýdany barha giňelýär. Saýaly, miweli agaçlaryň ekilmegi netijesinde güneşli Diýarymyz ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýär.

Häzirki döwürde bütin Ýer ýüzünde ekologiýa meseleleriniň iň esasylarynyň biri atmosfera howasynyň zyýanly gazlardyr dürli tüsseler bilen hapalanmagydyr. Ol hem adamyň hojalyk işiniň netijesinde emele gelýän galyndylaryň daşky gurşawa zyňylmagy bilen ýüze çykýar. Aýratyn hem iri zawod-fabrikleriň, energetika toplumlarynyň hem-de ulag ulgamynyň atmosfera goýberýän zyýanly tüsseleri biziň dem alýan howamyzy hapalaýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda täze gurulýan we öňden bar bolan senagat kärhanalarynyň durky täzelenende, olarda dünýäniň iň öňdebaryjy, kämil, häzirki zaman tehnologiýalary we arassalaýyş desgalary oturdylýar. Ol ýokary hilli önüm öndürmek bilen çäklenmän, daşky gurşawa çykarylýan zyňyndynyň mukdaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär.

Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriniň biride baglaryň ekologik ähmiýetidir. Olar fotosintez hadysasyny geçirýärler, atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyryp, kömürturşy gazynyň hemişelik mukdaryny saklaýarlar. Ýene-de agaçlar howany dürli zäherli gazlardyr, tozandan arassalap, şol ýeriň mikroklimatyna täsir edýär.Ylmy maglumatlara görä, baglar sesiň 25 desibelini özüne siňdirip, 75 göterimini yzyna serpikdirýär. 1 ga agaç tokaýlygy howanyň 18 million kubmetrini dürli hapa galyndylardan arassalaýar. 1 düýp agaç bir günüň dowamynda 1 kg tozany özüne siňdirýär ýa-da bir gije-gündizde 300 kg golaý suwy bugartmaga ukyplydyr. Uzak ýaşan bir agaç 2,5 kg kömürturşy gazy sorup, 1,7 kg kislorody tebigata bölüp çykarýar, ol bölünip çykan kislorod 64 adamyň bir günde dem almagyny üpjün edýär.

Miweli we saýaly baglaryň bar ýerinde topraga ýel we suw eroziýasynyň sezewar bolmak howpy abanmaýar. Bag ekilen ýeriň  mikroklimaty saglyk üçin örän peýdalydyr. Olar çägäniň süýşmeginiň öňüni almak bilen ýeliň güýjüni hem peseldýär. Ondan başga-da ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda tut zolagynyň döredilmegi has ähmiýetlidir. Suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrýar, sebäbi tut agajy biologik zeýkeş hökmünde ekin meýdanlarynda ýerasty suwuň derejesini howpsuz ýagdaýda saklaýar, ýel we suw eroziýasyndan goraýar, açyk zeýkeşleriň tutýan meýdanyny azaldýar. Ol hem suwarymly ýerleriň peýdaly ulanyş koeffisiýentini ýokarlandyrýar. Ekin meýdanlarynyň gyralaryndaky tut agaçlary ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmekde, ýüpek gurçugyny idetmekde hem ähmiýetlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baglara ideg  etmäge, agaç nahallaryny oturtmaga uly üns berilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde müňlerçe miweli, saýaly, bezeg agaçlary ekilýär, bar bolan baglar timarlanýar.

Her ýylda iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň saglygy, rahatlygy babatda ähmiýetli bolman, daş-töweregiň gülzarlygyny, topragyň, howanyň arassalygyny, tebigatyň gözelleşmegini, bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak işlerdir.

Tebigaty, daşky gurşawy, ösümlik-haýwanat dünýäsini goramak, ekologik syýasatyny giňden ýaýbaňlandyrýan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn!                        

Menzil NURMYRADOWA,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.