Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek — saglygy berkitmek
05-01-26
Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir.
Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly.
Dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklary bilen hem meşgullanmalydyr. Arassaçylygy egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölmek bolýar.
Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişli bolup, ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bedeniň arassalygy egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşegiň arassalygyna-da baglydyr. Ýene-de aýratyn nygtalmy zatlaryñ biri, adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, diş çotgalaryny şärikdeşlikde ulanmaly däldigini düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Arassaçylyk düzgünleriniň kadalaryna aşhanalarda aýratyn üns berilmelidir.
Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, berjaý etmäge çalyşmalydyr. Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök we bakja önümleri köpräk iýmelidir. Gök önümler we miweler iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmalydyr. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler, süýt we süýt önümleriniň saklanyşyna üns bermelidir we arassa bolmalydyr. Nahary ýapyk gapda saklamalydyr. Iýmit taýýarlanylýan ýeri hemişe arassa bolmalydyr. Aşhana enjamlary, gazanlar, jamlar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürilýän süpürgiçleri her gün ýuwup, güne serip guratmalydyr. Jamlary we aşhana gaplaryny iýmit iýlen badyna ýuwup, süpürip, tekjelere örmelidir. Diňe arassalanan suwy ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy ulanmalydyr. Mundan başga-da, jaýyň içi we onuň daş-töweregi hemişe tämiz saklanmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladasy hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Rejepgül HAIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy, dosent.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.