Saglygy goraýyş ulgamy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry

18-10-26

Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adam saglygy hakynda edilýän aladanyň bimöçberdigini gündelik durmuşymyzda aýdyň görmek bolýar. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bu hünär baýramynyň dabaralary uludan tutulyp, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň, hormatly Prezidentimizň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII jildiniň neşir edilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi hem ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň mö­hüm ugur­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Ser­gi­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ga­za­nan­la­ry bi­len bir­lik­de, bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň, döw­re­bap okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­no­wa­sion çe­me­leş­me­le­riň gör­ke­zil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Çün­ki sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaş nes­liň aňy­na or­naş­dyr­mak, sag­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mek we bi­lim ar­ka­ly jem­gy­ýet­çi­lik jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ber­kit­mek gel­je­giň bag­ty­ýar jem­gy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­me­giň mö­hüm şert­le­ri­dir.

Paýtagtymyzdaky lukmançylyk merkezleri bilen bir hatarda, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezinde, şeýle hem Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat hünär baýramy mynasybetli guralýan çäreleriň üstüni ýetirdi. Maslahat «Kardiologiýa», «Iç keseller, ýokanç däl keselleriň patofiziologiki soraglary we sagdyn bedeniň fiziologiýasynyň meseleleri», «Newrologiýa we reabilitasiýa-fizioterapiýa» hem-de «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa» atly bölümlerden ybarat bolup, lukmançylygyň bu ugurlarynda ylmy pikir alyşmalary özünde jemledi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir raýatyň we ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşmak ugrunda uly işler amal edilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telewideniýe we radiogepleşikleriň hem-de jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglaryna gatnaýanlaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş-öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirilýär we ýokanç kesellere garşy göreşmek barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny; sagdyn ilatyň emele gelmegine oňyn täsir edýän şertleriň döredilmegini; keselleriň öňüni almagyň ýokary derejede ösdürilmegini; amaly lukmançylyga täze ylmy açyşlaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyny; ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.

Saglyk gözelligiň sakasydyr. Sagdyn jemgyýet ‒ sagdyn döwletiň özenidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilýän milli maksatnamalar halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň düzüm bölekleriniň biri bolan, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu işler ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Öz halkyny abadançylygyň hem berkararlygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jennet ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.