Saglyk — ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk
07-01-26
Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Ýöne, şol saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamynyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz.
Her bir adamyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagyna ýardam edýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň göreldesi, olaryň keselleriň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary, şol sanda, arassaçylygyň dogry we doly berjaý edilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gyş paslynda howanyň sowamagy, üýtgemegi, onda zyýanly tozanjyklaryň peýda bolmagy bilen keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Gyş aýlarynda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenilmegine aýratyn üns bermeli.
Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyznesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.
Keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnukly saklanýanlygy sebäpli suwda we azyk önümlerinde öz kesel ýaýradyjy häsiýetlerini ýitirmeýärler. Bu bolsa adamlara kesellemek howpuny salýar. Hut şonuň üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidirler. Her bir adam öýlerini, otaglaryny arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli we howasyny çalşyp durmaly, jaýyň we howlynyň daş-töweregini süpürip, zir-zibilleri aýyrmaly. Mundan başga-da, otaglarda üzärligi tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Bakteriýalaryň ýok edilmegine, adam bedeniniň kesele durumlylygyna ýardam edýär.
Günüň dowamynda adamlar, ylaýta-da, çagalar elleri bilen öýde, ýolda, ulagda tutawaçlary tutýarlar, meýdançalarda oýun oýnaýarlar. Bu ýagdaýlar bolsa ellerimizde göze görünmeýän keselleri dörediji mikroblary köp mukdarda galdyrýar. Her bir adam daşardan gelnenden soň, nahardan öň we soň, okuwçylar bolsa okuw esbaplaryny, smartfony, planşeti ulanandan soň hökmany suratda sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyr. Sebäbi, howply keselleriň köpüsi elleriň üsti bilen geçýär. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen gowy ýuwup durmaly. Ilki bilen, eliň aýasyny, soňra daş ýüzüni, barmaklaryň arasyny sabyn bilen gowy ýuwup, akar suwuň aşagynda elleri durlamaly, soňra bolsa elsüpürgiji ýa-da desmal bilen pugta süpürmeli.
Dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklary bilen hem meşgullanmalydyr. Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Arassaçylygy egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölmek bolýar.
Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişli bolup, ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bedeniň arassalygy egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşegiň arassalygyna-da baglydyr. Ýene-de aýratyn nygtalmy zatlaryñ biri, adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, alym-lukman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.