Ynsan saglygy hakyndaky alada
06-01-26
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň täze, döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň barlaghanalary halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Ýakynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli, Mary welaýatynda açylyp ulanmaga berlen welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň täze, döwrebap edara binasy bolsa sebitde ilatyň sanitariýa-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri döretdi. Onuň ilaty ýokanç kesellerden goramakda, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, arassaçylygy, saglyk abadançylygyny üpjün etmekde, netijeli immun-öňüni alyş işlerini geçirmekde ähmiýeti uludyr.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda birnäçe maksatnamalary tassyklamak, täze saglygy goraýyş edaralaryny döretmek we gurmak bilen bagly resminamalara gol çekmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ynsanperwer işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek. Gaznanyň hasabyna paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan operasiýalar üstünlikli ýerine ýetirilýär we bu işler netijeli dowam etdirilýär. Çagalaryň hirurgik bejergiden soňky ýagdaýlary kanagatlanarly bolup, olaryň her biri degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini alýarlar hem-de az salymdan sagdyn çagalaryň toparyna goşulyşýarlar.
Halkyň saglygyny goramak babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän we bu ugurda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.