Baş Kanunymyz bagtly durmuşymyzyň binýadydyr
10-11-25
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar.
Konstitusiýa — bu döwletiň esasy kanuny bolup, ol tutuş halkyň ýa-da jemgyýetiň aýry-aýry sosial toparlarynyň erk-isleglerini, bähbitlerini beýan edýär we olaryň bähbitlerinden ugur almak bilen, belli bir ýurtda jemgyýetçilik gurluşynyň hem döwlet guramaçylyk gurluşynyň iň wajyp başlangyçlaryny özünde berkidýär. Döwletiň esasy kanuny bolandygy sebäpli ol edil beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalar ýaly, hökmany häsiýetlidir, ýöne şol bir wagtyň özünde ol beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ýokary hukuk güýjüne eýe bolmagy bilen tapawutlanýar.
«Konstitusiýa» sözi latyn «constitutio» (tassyk etmek, dikeltmek) diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu düşünje häzirki manysynda ulanylyp başlanýança, ýüzlerçe ýyllar geçipdir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy barada aýdylanda, Türkmenistanyň SSSR-iň düzüminde bolan döwri, Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasy 1927-nji, 1937-nji we 1978-nji ýyllarda kabul edilip, olar öz döwrüniň islegini kanagatlandyran hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegi, täze ösüş ýollarynyň özbaşdak saýlanylyp alynmagy bilen bagly täze, döwrebap hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň, şol sanda döwrüň talabyna laýyk gelýän Garaşsyz döwletiň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň zerurlygy ýüze çykdy. Şol sebäpli hem Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji döwürlerinde, has takygy, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi.
Onuň kabul edilmegi durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilendir. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzümlerini, olaryň iň wajyp hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kepillendirýär. Şol ýurtdaky häkimiýet ulgamyny, döwletiň maksatlaryny, wezipelerini hem ygtyýarlyklaryny, onuň içki düzüm gurluşyny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Konstitusiýa ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň maddalarynyň hemmesi agzybirlige, ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, dostluk-doganlyga, jebislige, watançylyk borjuňa düşünmeklige, maddy-ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamaklyga, milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy dikeltmäge, şonuň ýaly-da ösüşiň täze belentliklerine çykmaklyga gönükdirilendir. Onuň taryhyna ser salanymyzda, döwletiň ykdysady we syýasy ösüşiniň her döwrüniň talaplaryna laýyk üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini görýäris. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi bolsa ykdysady we syýasy özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Şu wagta çenli girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ählisini birleşdirýän bir ýagdaý bar. Ol hem türkmen halkynyň ynsanperwer däp-dessurlarynyň, milli demokratiýamyzyň jemgyýetiň ösüşine laýyk täze mazmunda Esasy Kanunymyzda özüniň giň beýanyny tapandygy bilen baglanyşyklydyr.
Konstitusiýamyz biziň bagtly durmuşymyzyň binýadydyr. Olarda geçmiş taryhymyzyň şan-şöhraty, şu günümiziň döwletli döwrany, röwşen geljegimiziň nurana ýalkymy bar. Bu iki mukaddesligiň nusgalyk ýörelgeleri esasynda Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymaty äleme ýaýrady, dünýä bileleşigi halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň höküm sürmegini gazanmak ugrundaky asylly başlangyçlaryny ykrar etdi. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etdi. Şonuň üçin hem ajaýyp zamanada abadan, eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyz özüniň görkana ýaşyl
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Serdar HOJAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmakçylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.