SPORT — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY
07-01-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär.
Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gezelenç etmegi, saglygyny berkitmegi üçin welosporty ösdürmek baradaky aladalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň ruhubelent ýaşamagynda uly ähmiýet eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, umumadamzadyň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy.
Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ata Watanymyzyň tejribesine, milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.
Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda hem-de ata Watanymyz Türkmenistanda baýramçylyk dabaralarynyň guralmagy, oňa raýatlarymyzyň we daşary ýurtly wekilleriniň gatnaşmaklary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň goldanylmagynyň subutnamasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny öňe sürýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we Neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.