Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ösüşi

13-11-25

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa düzümlerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döredilýän şertleriň netijesinde toplumda uly ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy maliýe tehnologiýalaryny girizmek, maglumat geçiriş ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, emeli aň we sanly innowasiýalar ulgamyna maýa goýumlary çekmek, raýatlara döwrebap elektron hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek resminamada kesgitlenen esasy wezipelerdir. Häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet edaralarynyň binýadyna we durmuş ulgamyna döwrebap sanly çözgütleri, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.

Ýol-ulag düzüminiň döwrebaplygy, ýük we ýolagçy akymlarynyň tizligi ýurduň ösüşine hem uly täsir edýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin has-da möhümdir. Sebäbi dünýä ummanyna çykalganyň bolmazlygy bu ýurtlara innowasiýalary getirmegiň möhletini we bahasyny artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň iri möçberli maslahatynyň we onuň çäklerindäki çäreleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çeken iri halkara waka öwrülendigini nygtamak gerek. Onda ýol-ulag düzümleriniň ählumumy durnukly ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýedigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ulag şahalarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalar yzygiderli gurulýar. Şu ýylyň maýynda Balkanabat Halkara howa menzili açylyp ulanmaga berildi. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açyldy, şeýle-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr daşamalara ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň hem işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär. Olar bu babatda uly tejribe toplap, logistika hyzmatlarynyň gerimini barha giňeldýärler.

Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Döwletimiziň gatnaşmagynda dünýäniň üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler alnyp barylýar. Türkmenistan halkara ähmiýetli aragatnaşyk, ulag-logistika ulgamlaryny gurmak arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezi wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ösdürip, dünýäniň maglumat giňişligine goşulyşmagy maksat edinýär. Sanlylaşdyrmagyň durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan döwründe maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary “akylly” şäherleri, netijeli önümçilikleri we durnukly ykdysadyýeti döretmek üçin binýat bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.

Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanly ösüşiň möhüm bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilaty häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen ýokary derejede üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Daşary ýurtly wekiller çykyşlarynda wekilçilik edýän kompaniýalarynyň iş ugurlary, hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler.

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Şemsat ATAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.