Arassaçylyk — saglygyň girewi
09-01-26
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary depginli ösüşler bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Şeýle ösüşi gazanmakda her bir raýatyň, ilki bilen, eziz Watanyna söýgüsiniň, halkyna we onuň geçmişine belent hormatynyň, ahlak terbiýesiniň, sowadynyň we biliminiň, bagtly durmuşa bolan okgunly isleginiň, ýetilen sepgide baha berip, ýetilmeli sepgitleri kesgitlemeginiň örän möhümdigini aýratyn nygtasymyz gelýär.
Türkmen halkynyň edim-gylymy arassaçylyga iňňän üns berýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen halkynyň mirasyna ser salsaň, şeýle häsiýeti her ädimde görmek bolýar. Şeýle häsiýetleriň jemlenmegi bilen, irki döwürlerde hem, olar dürli keselleriň ýaýramagyndan goranyp bilipdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşda ýaşaýan raýatlarymyz mirasyň şeýle mukaddes ýoluny dowam etdirmelidir. “Arassaçylyk saglygyň girewidir” — bu gyzyla gaplaýmaly sözleriň aňyrsynda uly many we jogapkärli işler ýatyr. Türkmeniň meşhur ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:
Saglygyň gadryny bilgil,
Hassa bolmazdan burun
— diýip, adamzadyň ýaşaýşynda saglygy şeýle ýokary derejede häsiýetlendirýär. Saglyk üçin bolsa, ilkinji nobatda, arassaçylyk zerur.
Arassaçylyk kadalarynyň takyk ulgamyny döreden hem-de bu kadalaryň berk berjaý edilmegini gazanan ene-mamalarymyz gyz-gelinlerden öýüň her bir otagynyň, her bir burçunyň juda arassa bolmagyny talap edipdirler. Bu babatda olar aşhananyň, gap-gaçlaryň arassaçylygyna aýratyn üns beripdirler. Ene-mamalarymyz bu babatda gyzjagazlara ýaşlykdan aşhana baş açyk girmezligi, aşhanada çaý, nahar taýýarlanylanda diňe öňlükli bolmagy ündäpdirler. Çünki saçakda, gap-gaçda, käsede, tabakda saçyň we beýleki del zatlaryň görünmegini dürli keselleriň sebäpkäri hasaplap, beýle ýagdaýlary halamandyrlar. Ene-mamalarymyz düşen saçlaryň, ösgün dyrnaklaryň dürli keselleri döredip we ýaýradyp bilýändigine öz durmuş tejribeleriniň üsti bilen göz ýetiripdirler. Olar gyzlara çagalykdan kendirik, saçak, tamdyr keramatly üçlükdir, bu zatlary ösgün dyrnakly, hapa el bilen ellemek gadagan. Kendirigi eliňe almankaň dyrnaklaryň alnan, eliň sabynlanyp, gowy ýuwlan bolmaly, hamyr edilip bolunýança eliňi hamyr çanakdan çykarmaly däl, hamyr ýugrulyp bolunandan soňra eliňi we hamyr eden jamyňy ýuwman ýedi ädim ätmek günädir, hamyr edilip bolnandan soň, hamyr çanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dökmeli diýen ýaly ençeme talaplary girizipdirler. Bu talaplar we gadaganlyklar barada oýlananymyzda olaryň aňyrsynda berk arassaçylyk düzgünleriň bolandygyna doly göz ýetirýäris.
Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykdy, ýaşaýşymyza sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmak işi ählihalk işine öwrüldi. Ýurdumyzda yglan edilen “Saglyk” döwlet maksatnamanyň esasy özenini tutýan işleriň biri-de türkmen durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmakdyr. Ajaýyp döwrümizde täze keşbe girýän obalarymyza, şäherdir şäherçelerimize we etrap merkezimize bezeg berip oturan döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri we sport toplumlary, mekdepler “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň miweleridir.
Lukman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan gözbaş alan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitaplary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik eseri häzirki zaman lukmançylygyna gollanma bolup hyzmat edýär we ähli halkymyzyň esasy maslahatçysyna öwrüldi.
Il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maral GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.
Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Çže ýakynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, kärhananyň direktory Güýçmyrat Amanow bilen duşuşdy, köpugurly gury ýük gämileriniň gurluşyk meýdançasyna aýlandy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Frankfurta amala aşyrylýan uçuşlaryň terminalyny üýtgedýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçyşlaryň terminalynyň üýtgedilýändigini yglan etdi we 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap ähli uçuşlaryň kabul edilmegi we ugradylmagy 3-nji terminalda amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlykda emeli aň we sanly çözgütlere ünsi güýçlendirýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tehnologiýa we telekommunikasiýa ugurlarynda işleýän iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew we aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew gatnaşdy.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde iş maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Inçeburun serhet geçelgesi arkaly üstaşyr geçirilen ýükler 48% ýokarlandy
Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda ýerleşýän Inçeburun serhet geçelgesi arkaly ýükleriň üstaşyr geçirilişi 20-nji martdan 20-nji aprel aralygynda 48 göterim ýokarlanyp, 4 müň tonna ýetdi we onuň umumy bahasy 13 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, Gülüstan gümrük gullugynyň baş direktory Şahriýar Şahriýari aýtdy. Bu barada IRNA ýekşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.