Sport – saglygyň sakasy
11-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň,
Sport saglygyň sakasydyr. Onuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeni berk, ruhy belent, jany sag bolýar. Şonuň üçin-de «Sagdyn durmuş ýörelgesi adamy bezeýär, çünki saglyk milletiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» - diýip, buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baş bolmagynda bu günki sagdyn durmuş ýörelgeleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu mizemez ýörelge täze eýýamyň Galkynyşy döwrümizde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu günki gün bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna saglyk paýlaýar.
Indi mähriban Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününi, Halkara welosiped gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Şu uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen sport oýunlarynyň hem-de bedenterbiýe - sagaldyş hereketi giňden geçirilýär. Tutuş ýurdymyzy gurşap alýan bu uly, ählihalk sport baýramçylygyna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar.
“Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtamagy Döwlet Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meseleleri amala aşyrmak üçin iň bir möhüm serişdeleriň biri hem bedenterbiýe we sportdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Sebäbi ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde uly ähmiýete eýedir.
Bedenterbiýäni we sporty hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin güneşli Diýarymyzyň islendik künjeginde zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleridir meýdançalar bagtyýar raýatlarymyzyň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipelerden ugur alsak hem ýaşlar sportuny we bedenterbiýesini goldamak sport ulgamynyň öňündäki esasy maksat bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar we giňeldýär. Bütin dünýä Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýan iri halkara sport forumlaryny guramak ukybyny hakykatdanam görkezýändigine we subut edýändigine şaýatdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öndengörüjilikli syýasaty asuda jemgyýetimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge gönükdirilendir. Öz halkynyň sagdyn, bolelin hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.