Adamyň saglygy — jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy
14-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Halkymyzda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär.
Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Biziň gündelik durmuşymyzda her bir ýagdaýyň ýagşy tarapyna üns berjek bolmaly. Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, oňat dynç alyşlar we ukyny almak sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilimkeşlik, spirtli içgilere ýykgyn bolmak ömri gysgaldýan ýaramaz endiklere degişlidir. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende ömrüň kuwwatlylygy artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler - bu beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Ilatyň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmete ukyplylygyna gönüden-göni baglydyr. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.
Hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýip belleýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurmuhammet GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keselleri kafedrasynyň assistenti.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.