Talyplara bilim bermekde okatmagyň häzirki zaman çemeleşmeleri
31-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaş neslimiziň röwşen geljegi, tutuş adamzat nesliniň abadançylygy ugrunda ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda hünärmenleriň taýýarlygyny hem aýratyn bellemek gerek, çünki informasion-kommunikasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň zerurlygy üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda uniwersitetimizde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Esasan hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler tebigy bilimleri oňat özleşdirip, dürli ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bilimiň ähli basgançagyndaky edaralar ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna şert döredýär. Okuw sapaklarynda multimedia serişdelerini ulanmak bilim alýanlaryň gözýetimini giňeldýär, olaryň hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini şertlendirýär.
Ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, öňdebaryjy tejribe önümçilige, bilim, medeniýet, durmuş ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilim syýasatynyň kanunçylyk taýdan berkidilmegi “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde elektron okuw portallary döredildi. Olar elektron bilim maglumatyny, okuw sapaklarynyň wideoýazgylaryny, synaglary geçirmek ulgamyny, bilim we synag bahalarynyň žurnallaryny özünde jemleýär. Kompýuterleriň, multimedia, interaktiw usullaryň, tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internete elýeterliligiň üpjün edilmegi, milli ylym-bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaşlaryň ýokary bilim derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hünärmenleri taýýarlamak boýunça baglaşylan halkara ylalaşyklar esasynda Türkmenistanyň ýaşlary daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda okuwlaryny dowam etdirýärler.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary yzygiderli kämilleşdirýärler.
Berkarar ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesillere berilýän bilimiň ýokary netijeliligini gazanmakda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Atamyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.