Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

17-06-25

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, şeýle-de aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmegiň esasydyr.

Munuň özi häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalarynyň gurulmagy, ekologiýa baradaky aladalanmagy, köpçülikleýin sport hereketlerini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakda-da hem öz beýanyny tapýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda saglygy goramaga, berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Elbetde, sagdyn bolmak üçin her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy esasy talap bolup durýar we munuň esasy şertleri şulardan ybaratdyr.

Kadaly iýmit. Kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlylyk we dürli-dürlüdir. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary makro we mikroelementleri almalydyr. Witaminlere we minerallara baý gök önümleri ýeterlik derejede ulanmalydyr. Şonuň ýaly-da öz iýmitiň düzüminde süýt önümlerini, ýumurtga, balyk, ýagsyz et, noýba, hoz we maňyz goşmalydyr.

Gün şöhlesi. Gün şöhlesiniň bedene peýdaly taraplaryny köpleriň bilmeýän bolmagy-da ahmal. Bu ylmy taýdan hem doly subut edilendir. Ol bedeniň gorag ulgamynyň öýjüklerini işjeňleşdirip, deridäki zyýanly bakteriýalary we öýjükleri ýok edýär, ganda myşsalara kuwwat berýän maddanyň emele gelmegine ýardam berýär. Şeýlelikde Günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar, nerw ulgamyny berkidip, özüňi oňat duýmaga mümkinçilik berýär. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, onuň boýuň ösmegine-de we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde-de ähmiýeti uludyr. Belli bir wagt aralygynda ýiti bolmadyk güneşiň astynda gezmegiň peýdaly taraplary kändir. Ýöne uzak wagtlap jöwzaly Günüň astynda gezmeklik, hiç bir jähtden makullanylmaýar. Sebäbi Gün şöhleleri gan basyşyňy ýokarlandyrýar. Ýüregagyrylylara we öýken kesellilere uzak wagtlap Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Ýiti bolmadyk Gün şöhleleri ýeterlik kabul edilende saglygy goramakda, özüňi duýşuňy gowulandyrmakda we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr.

Suw. Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5-2 litr suwuklyk kabul edilmeli, onuň 2/3 bölegi bolsa adaty suw bolmalydyr. Bedende suwuň ýetmezligi kelleagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna getirýär.

Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalyşmasyny we bedendäki ganyň aýlanyşyny gowulandyrman, eýsem, bedeniň gorag ulgamyny berkidýär we maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýar. Ulular her günde azyndan on müň ädim ýöremelidir. Şeýle hem hepdede bäş sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

JEMGYÝETIMIZIŇ MIZEMEZ BINÝADY MAŞGALANYŇ SAGDYNLYGYDYR

Parasatly türkmen halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk, ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Bar zadyň sakasy saglyk», diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär.


DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY ― HALKLARYŇ PARAHATÇYLYGY

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär.


168d612f2f40f7.jpeg
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.


DÖWLETIŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY SÜTÜNI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.


«HAKYDA GÖWHERI» - DÜRLERIŇ JÖWHERI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly kitaby bütin halkymyz üçin gymmatly gollanmadyr. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr. Munyň özi türkmen halkyna peşgeş berlen ajaýyp sowagtdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.