Milli saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleri
24-11-25
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk güni lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda birnäçe maksatnamalary tassyklamak, täze saglygy goraýyş edaralaryny döretmek we gurmak bilen bagly resminamalara gol çekmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym hem-de bilim ulgamlary innowasiýalara we tehnologiýalara esaslanýan täze gazananlar bilen baglanyşykly ýokary depginler bilen ösýär. Bu ugurlara döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.
Täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylymda we tehnologiýada alnyp barylýan işleriň birnäçe esasy ugurlary bilen birlikde, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Alym Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okatmagyň usulyýeti, şol sanda tejribe we barlaghana sapaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw derslerine okatmagyň iň netijeli we täzeçil usullaryny gyssagly ornaşdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Täze usul boýunça tejribe sapaklarynyň esasy maksady we wezipesi talyplarda kliniki pikirlenmäni, özbaşdak çözgütleri kabul etmek ukybyny ösdürmekden, okuw-ylmy edebiýatlara syn bermek, döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen baglanyşykly hünär endiklerini ele almakdan, hünärmenleriň dünýä garaýşyny giňeltmekden ybarat bolup durýar.
Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Gülhanym KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşercilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Durnukly ösüşiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň sergisi
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynyň 11-12-ne ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýokary derejeli sergi guraldy.
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz portuna getirdi
2025-nji ýylyň dowamynda “Suvari Shipping and Trading Co Inc.” döwlet maksatly iri taslamalarynyň çäginde agyr hem-de ölçegden çykýan enjamlaryň ulag-üstaşyr getirilmegini üstünlikli amala aşyrdy. Senagat enjamlary ýüklenen bäş rus gämisi Wolga–Don kanaly arkaly geçip, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna gelip ýetdi.
Bitaraplyk – abadançylygyň ýoly
Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar we senagat, ylym-bilim, ulag-kommunikasiýa, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler
Aşgabat şäherinde 11–12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär
Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň eksport - üstaşyr dolanşygyndaky ýokary netijeliligini aýratyn belleýär. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça alnyp barlan barlaglaryň netijeleri boýunça mälim edildi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.