Sport — sagdyn durmuşyň kepili

14-01-26

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda sagdyn durmuş ýörelgesi — adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyna, şeýle hem keselleriň öňüni almaga gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi diýlip kesgitlenýär.

Onuň esaslaryny çagalyk döwründen sagdyn endiklerini, ukyplaryny terbiýelemek, howpsuz, amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasyny düzýändigi bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri göz öňünde tutulýar. Onda ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy diýlip beýan edilýär.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawyny öz içine alýan Kanunyň 31-nji maddasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş raýatlarda bedenterbiýä we sporta islegi ösdürmek, çagalar, ýaşlar, maşgala dynç alşyny döretmek babatda innowasiýa tehnologiýalaryny hem-de usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen sagaldyş-dynç alyş, mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly esasy ugurlar berkidilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň sagdyn ýaşaýyş, bedenterbiýe-sport babatyndaky nusgalyk göreldeleri, ýiti zehininden dörän kitaplary halkymyzyň gündelik durmuşynyň ýolgörkezijisine, ýaşlarymyzyň ylmy-okuw gollanmasyna öwrüldi. “Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir” diýen jümle bar. Bu jümle hiç döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmez. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Saglygy aýamak her bir adamyň özüne bagly bolup durýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işeňňirligiňi artdyrýar, ruhuňy belende göterýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy, dürli halkara lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag kliniki edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi düýpli öwrenilýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynda netijeli peýdalanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Begenç AMANOW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.