Sagdyn iýmitlenmek - bagtyýar durmuş

23-01-26

Her bir yn­sa­nyň iň uly is­le­gi sag­dyn ýa­şa­mak­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­mu­şy nä­dip üp­jün edip bol­jak­dy­gy we adam öm­rü­ni nä­dip uzalt­ma­ly­dy­gy ba­ra­da köp göz­leg iş­le­ri ge­çi­ril­di. Şon­da dog­ry iý­mitlen­me­giň, zy­ýan­ly iý­mit­ler­den daş­da dur­ma­gyň, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.

Gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.

Bu en­dik­ler kese­liň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar we uzak ýa­şa­ma­ga şert dö­red­ýär. Sagdyn iý­mit­len­mek­den baş­ga-da, wi­ta­min­ler we an­ti­ok­si­dant­lar hem sagly­gy­my­zy ber­kit­mek­de mö­hüm orun tut­ýar. Olar be­de­ni­miz üçin ze­rur bo­lur dur­ýar.

Be­de­ni­mi­ze ze­rur bo­lan köp gör­nüş­li wi­ta­minler bar. Olar­dan A, B1, B2, B3, B6, B12, C, D, E, K wi­ta­min­le­ri­ni ag­za­mak bolar. Ola­ryň her bi­ri­niň sagly­gy­my­za peý­da­sy örän ulu­dyr. Ag­za­lan wi­ta­minle­riň kä­bi­ri­niň hä­si­ýet­le­ri bara­da du­rup geç­sek, B1 wi­ta­mi­ni ba­gyr­da we ýu­murt­ga­da bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gi myş­sa ke­sel­leri­ne se­bäp bol­ýar.

B2 wi­ta­mi­ni ba­gyr­da, et­de we dä­ne önüm­le­rin­de bol­ýar, ýetmez­çi­li­gi ga­naz­ly­ga we de­ri­niň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. B3 wi­ta­mi­ni ba­lyk­lar­da, et­de we hoz­da bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gi nerw bo­zul­ma­la­ry­na we de­ri ke­sel­le­ri­ne ge­tir­ýär. B5 wi­ta­mi­ni ýu­murt­ga­da, gök önüm­ler­de bol­mak bi­len, bu wi­ta­min ýet­mez­çi­lik eden­de myş­sa­da nä­saz­lyk­lar, ga­har­jaň­lyk ýü­ze çyk­ýar.

B6 wi­ta­mi­ni gök önüm­ler­de, dä­ne­ler­de we et önüm­le­rin­de bol­ýar. Onuň ýet­mez­çi­li­gin­de yn­san be­de­nin­de ga­naz­lyk we ener­gi­ýa­nyň pesel­me­gi ýa­ly nä­saz­lyk­lar bo­lup bil­ýär. Ba­gyr­da we gy­zyl et­de bol­ýan B12 wi­ta­mi­ni­niň ýet­mez­çi­li­gin­de ga­naz­lyk we ener­gi­ýa­nyň ýit­me­gi dö­ re­ýär. C wi­ta­mi­ni li­mon­da, apel­sin­de, man­da­rin­de, gök önüm­ler­de we ýe­ral­ma­da bol­ýar. Ol de­ri­niň hi­li­ne we de­ri­niň go­wu­laş­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. D wi­ta­mi­ni bol­sa, ba­lyk we süýt önüm­le­rin­de bol­mak bi­len, onuň ýet­mez­çi­lik eden ýag­da­ýyn­da süňk­le­riň bo­zul­ma­gy ýü­ze çyk­ýar. 

Kadaly iýmitlenmek — bu çäklendirmelere däl-de, dürli hili iýmitlere esaslanýan düzgünleriň bir görnüşidir. Dogry iýmitlenmek käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Mysal üçin, bu ýagdaýda kömelek bilen gowrulan ýeralmany ýa-da kremli torty halaýan adam bu iýmitlerden doly ýüz öwürmeli bolmaz, ol diňe degişli iýmitleri iýmegini çäklendirer.

Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti häzirki zaman adamsyna tanyş bolan önümleriň ähli görnüşlerinden — etden (köplenç halatda «ak» - towuk, hindi towugy), dänelerden, deňiz we derýa balyklaryndan, hoz we guradylan önümlerden, miwelerden, az ýagly süýt we turşy süýt önümlerinden, möwsümleýin miwelerden we gök önümlerden, uglewodlary çäkli mukdarda bolan önümlerden (şeker, ak undan bişirilen önümler, gazlandyrylan içgiler…) we haýwanlaryň ýaglary bolan önümlerden ybaratdyr.

Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Oguljemal ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.