BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY

27-11-25

Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şol mynasybetli Gahryman Arkadagymyz halkymyza, aýratyn-da saglygy goraýyş işgärlerine «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny sowgat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň 30 ýylda geçen taryhy ýoluny, ýeten belent sepgitlerini lukman nukdaýnazaryndan beýan edýär.  Üç dilde neşir edilen bu kitap 22 bölümden ybarat. Kitabyň her bölüminde beýan edilýän ösüşler, gazanylan üstünlikler degişli fotosuratlar täsirli beýan edilýär.

Lukman Arkadagymyz täze kitabynda: «Saglygy goraýyş we derman senagaty ugrundaky möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, asyrlar aşyp, milli lukmançylygyň täze döwrüniň başlanandygynyň taryhy hakykatydyr» — diýip belleýär. Tükmenistanyň Konstitusiasyna laýyklykda, adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň binýadynda, ilkinji nobatda raýatlarymyz, olaryň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar durandyr.

Milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Halkymyzyň saglygyny goramak, ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslensin! 

Döwletgeldi MÖWLAMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.