TÄZE GOLLANMA — TÄZE SOWGAT
27-11-25
Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýylyň dolmagy mynasybetli Milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlandy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 bölümden ybaratdyr. Täze kitap «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.
Ýurdumyzyň beýik özgertmelere beslenýän häzirki döwründe il-güniň kalbyna ýagty saçýan beýik tutumlar, sahawatly işler amala aşyrylýar. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylýan döwrebap merkezleri gurduryp berýän, her bir ýürege mähir paýlaýan, egsilmez eşretleri, bagtyýarlygy peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Annamuhammet HAJYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniweristetiniň, Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.