ARASSAÇYLYK ÝÖRELGESI – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
15-01-26
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler. Geçen şöhratly taryhy ýolunda pederlerimiz her bir adamyň özüni alyp barşynyň ulgamyna janly tebigaty gorap saklamagyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň pugta ornaşmagyny gazanypdyrlar.
Elbetde özümizde önýän ekologiýa taýdan arassa önümler bilen iýmitlenmek her birimiziň saglygymyz üçin örän möhümdir. Kadaly iýmitlenişiň saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda aýratyn orny bar. Sagdynlygyň sakasy bolan sagdyn iýmitlenmek bu iýmitiň düzümine, iýmit rejesine, iýmitlenişiň şertlerine bolan talaplara baglydyr. Adam tarapyndan kabul edilýän iýmitler dürlüligi bilen tapawutlanýar, ýöne hiç bir iýmit adam bedenini onuň talap edýän ähli ýokumly maddalary bilen üpjün edip bilmeýär. Adam bedenine gerek bolan ýokumly maddalaryň köp mukdary ösümliklerde we olardan alynýan önümlerde jemlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň özenini düzýän sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmeginde kadaly iýmitlenmek babatda güneşe baý ülkämizde Gün nuruny örän bolluk bilen eçilensoň sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň ählisi-de dertlere dermanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtyna kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak we keselleriň öňüni almak, ekologiýa we arassaçylyk talaplary pugta berjaý etmek, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda gysga döwürde uly işler amala aşyryldy. Pasyllaryň çalyşmagy bilen adam bedeninde belli bir derejede täsirler duýulýar.
Häzirki wagtda howanyň ýagdaýyna seljerme geçirilmäniň netijesinde, howada tozanyň agdyklyk edýändigi sebäpli adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döreýändigi hemmämize mälimdir. Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynda, bazarlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki ilata hyzmat edýän edaralarda raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Şeýle-de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär.
Saglygy goramak hem berkitmek üçin ilki bilen şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr. Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.
Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýän, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gunçaly AMANGYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.