Ynsanyň saglygy – döwletiň gymmatlygy

19-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Türkmen halkynda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär.

Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Biziň gündelik durmuşymyzda her bir ýagdaýyň ýagşy tarapyna üns berjek bolmaly. Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, oňat dynç alyşlar we ukyny almak sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilimkeşlik, spirtli içgilere ýykgyn bolmak ömri gysgaldýan ýaramaz endiklere degişlidir. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende ömrüň kuwwatlylygy artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler - bu beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär. 

Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Ilatyň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmete ukyplylygyna gönüden-göni baglydyr. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.

Hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýip belleýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Altyn ORAZGELDIÝEWA,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.