BITARAPLYK ýoly — dünýä nusga görelde
01-12-25
Türkmenistan halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny yzygiderli durmuşa geçirip, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz başlangyçlaryny ilerletmek üçin işjeň tagalla edýär. . Biziň ýurdumyz özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýandygyndan ugur alýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň üýtgewsiz ýörelgeleri hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugyň kadalary Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň binýadyny düzýär. Munuň özi islendik jedelli halkara meseleleriň adalatly we parahatçylykly çözgüdini tapmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlyga halklaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Biziň ýurdumyz adam mümkinçilikleriniň, medeniýetara dialogyň, adam hukuklarynyň ilerledilmegine ýardam berýän taslamalary öňe sürer we olary goldaýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu forma dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny geçirmegi teklip eder. Şunda ýaşlaryň çözgütleri kabul etmäge hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlara işjeň çekilmegine aýratyn üns berýär.
Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapýar. 12-nji dekabr -türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biri- Bitaraplyk günüdir. Biz Bitaraplyk derejämiz hakyndaky jümleleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizdik, Döwlet nyşanlarmyzda -Türkmenistanyň döwlet baýdagynda, Türkmenistanyň Döwlet senasynda şöhlelendirdik.Ýurduň Bitaraplyk derejesiniň alamaty-zeýtun baldajyklary şekillendirilen Döwlet tugumyz asuda asmanymyzda buýsançly pasyrdaýar. Biziň üçin mukaddeslige öwrülen Garaşsyzlyk we Bitaraplyk sözleri Döwlet senamyzda dabaraly hem joşgunly ýaňlanýar.Başy belent Köpetdagyň eteginde Bitaraplyk binamyz uzaklardan seleňläp görünýär.
Ýurdumyzda Türkmenistanyň uly döwlet sylagy - Türkmenistanyň Prezidentiniň "Bitaraplyk" ordeni döredildi. Bu orden bilen Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň sylaglanylýandygyny bellemek isleýärin. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri "Bitarap Türkmenistan şaýoly" atlandyrylýar. Müňlerçe nusgada rus dilinde çap edilyän "Нейтральный Туркменистан" gazeti ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bu gazetiň şol at bilen iňlis dilinde-de çap edilýändigi bellärliklidir. Döwletimizde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň hormatyna baýramçylyk we ýadygärlik şaýy pullary yzygiderli çykarylýar. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 5 ýyllygyna, 2005-nji ýylda bolsa 10 ýyllygyna bagşlanylyp şaýy pullary çykaryldy.
1995-nji ýylyň 15-nji martynda Päkistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplygynyň halkara hukuk nukdaýnazaryndan ykrar edilmeginde bu duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy sebit we dünýä derejesindäki ygtybarly daýanç bolup hyzmat etdi.
1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde Goşulşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň || Konferensiýasy geçirildi. Onuň jemleýji resminamasynda bu guramanyň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň saylap alan hemişelik Bitaraplyk ugruny ýöretmegi biragyzdan goldanyldy.
Şol ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen "Bitarap Türkmenistan we Aziýada halkara gatnaşyklary" atly maslahatynda Türkmenistanyň Bitaraplygy, bu syýasatyň ýurduň ösüşlerine, sebitde ýetirjek täsirleri hakyndaky meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol syýasy-diplimatik işleriň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy, bu gurama şol wagtky 185 sany agza ýurduň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy ykrar edildi.BMG-niň Baş Assambleýasy "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy"atly taryhy Kararnamasyny kabul etdi we Türkmenistana Bitarap döwletiň hukuk derejesi berildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" hakyndaky Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi we 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek ykrar edilmegi döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýä ýüzünde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda bolsa, 12-nji dekabry "Halkara Bitaraplyk güni" diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda "Türkmenistan kanun esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir"diýlip bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 6-njy maddasynda "Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekty bolup , daşary syýasynda hemişelik Bitaraplyk , beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby bileleşikere hem birleşmelere goşulşmazlyk ,sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar" diýlip görkezilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly 79/274 belgili Kararnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Munuň özi parahatçylykly gepleşikler hem-de gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
Türkmenistan 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirer. Biziň ýurdumyz bu forumyň meýdançasyny köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde ýokary derejeli nobatdaky duşuşygy geçirmek arkaly pugtalandyrmak üçin peýdalanar.
Biziň ýurdumyz Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň garamagyna hödürlär. Bu başlangyç dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler. Türkmenistan Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjyny öňe sürer. Bu merkez diplomatiýa, parahatçylyk gurujylyk hem-de dürli milletleriň arasynda düşünişmek medeniýetini ilerletmek ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýän halkara bilim we dialog meýdançasyna öwrüler.
Türkmenistan «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär. Bu başlangyç halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde taryhy-medeni mirasyň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdiriler hem-de dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant bolar. Biziň ýurdumyz milli mirasyň wagyz edilmegine, medeni gazanylanlaryň alşylmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine gönükdirilen medeni-sergi hem-de syýahatçylyk işi ulgamynda başlangyçlary öňe sürmegi dowam etdirer.
Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Biziň ýurdumyz halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de bu guramanyň esasy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamagy maksat edinyär. Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi beýan eder. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar. Şeýle hem bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde onuň ornuna ünsi çeker, 2026 — 2028-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy hökmünde, şeýle hem esasy komissiýalaryň we edaralaryň düzüminde BMG-niň işine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Biziň ýurdumyz BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2031-2032-nji ýyllarda hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere Türkmenistanyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işlerini dowam etmek bilen, işjeň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklar. Merkezi Aziýada Ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamanyň depozitarisi hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy boýunça esasy şertnamalara gatnaşyjy hökmünde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirer. Biziň ýurdumyz Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk boýunça şertnamanyň Hereketine garamak boýunça maslahata we beýleki forumlara işjeň gatnaşmagy, Ýadro ýaragyny gadagan etmek hakynda şertnamanyň maksatlaryna ýardam bermegi we oňa goşulmak mümkinçiligi baradaky meseläni öwrenmegi dowam etdirer diyip "Türkmenistan" gazetinde bellenilýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň dowamynda bitaraplyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe bitewi çemeleşilmegini öňe sürer. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkarar etmegiň bähbidine BMG-niň ähli agza döwletleri we düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar.
Ogulgerek DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.