Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

20-09-24

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy martynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag etmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar ýetirildi — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänama berildi. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň meselelerine amal etmekde bitirýän işleriniň nobatdaky ykrarnamasy boldy.

Bag ekmek, daş-töweregimizi gülzarlyga öwürmek, onuň adamlara paýlaýan ruhy lezzetini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan galan mirasyň biri-de, bag ekmek, daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Bu ynsanperwer çäräniň ýurt derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolup, agzybirlikde üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde geçirilýän bag ekmek dabaralaryna eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ilat köpçüligi uly höwes, joşgun bilen gatnaşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, asylly işlere badalga bermekleri Ýer ýüzünde nusgalyk ýörelgä eýe boldy. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan döwleti BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrdy. Bu hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri-de ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmekdir. Bu köpugurly, toplumlaýyn geçirilýän işde tokaý zolaklaryny döretmek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Birnäçe ýylyň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusgalyk ýörelgä öwrüldi.

Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtyny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär.

Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu şatlykly waka bilen döwlet Baştutanymyzy, watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle dünýä nusgalyk üstünlikleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.