MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY
03-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde sebitde we dünýäde pajarlap ösýän we döwür bilen aýakdaş gidýän döwlet hökmünde tanaldy. Bu günki ýetýän we ýeten sepgitleri bilen çylşyrymly häzirki zaman dünýäsinde göterilip barýan döwletimizi mundan beýläk galkyndyrmakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny rowaçlandyrmakda maksatlaryň we öňde goýlan wezipeleriň anyk ugry kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz kämil raýat jemgyýetini gurmaga ymtylýan güýçli demokratik döwleti öz gündelik işinde adamlara gulluk etmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ukyplydygyny yzygiderli nygtaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet her näçe kuwwatly, gurply bolanda-da, ilatyň ýaşaýyş derejesi döwletde alnyp barylýan durmuş syýasatyna gönüden-göni bagly bolýar” diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler. Türkmenistan Watanymyzda durmuş syýasaty Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesine esaslanýar. Bu ynsanperwer ýörelge çeperleşdirip aýdanymyzda kök urup, şaha ýaýyp, raýatlara goýy saýasyny salýar, miwesini boldan eçilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini goramak ugrunda uly alada edilýändigine aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzyň dabaralanmagy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek bilen kämilleşdirilýän hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Milli demokratiýanyň we kanunçylygyň dabaralanýan döwründe ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini, hukuk sowatlygyny artdyrmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem işjeň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr.
Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyñ mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.