Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar
04-12-25
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Parahatçylyk ähli ösüşleriň binýadynda duran mukaddes düşünjedir. Ol diňe bir halklaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde ähmiýetli bolman, eýsem, ylym-bilim, ykdysadyýet, durnukly ulag, energetika ulgamlarynyň ösüşine hem öz täsirini ýetirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň depginli ösüşlerimiziň kepilidir, merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk barada asyrlarboýy eden arzuwlarynyň has-da üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikdir. Türkmen Bitaraplygynyň özeninde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny, parasatly ruhy-ynsanperwer däplerimiz bolan açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän milli ýörelgelerimiz durýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem öz beýanyny tapyp, dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 24-25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde dürli ugurlaryň hatarynda, medeni hyzmatdaşlygy, şeýle hem ylym-bilim we ýaşlar syýasaty babatda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada-da pikir alşyldy. Ýokary derejede geçen gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi hem-de birnäçe teklipler öňe sürüldi. Olaryň arasynda ylym-bilim ulgamyna degişli resminamalaryň birnäçesiniň bolmagy, şeýle hem Türkmenistanda Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiliginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ylym-bilim ulgamynda hem öz oňyn miwesini berýändigini alamatlandyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine hemmetaraplaýyn üns berilmelidigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan wekilçilikli foruma gatnaşjak talyplaryň ýokary derejede taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen degişli okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Okuw sapaklarynda dil taýýarlygy bilen birlikde, hemişelik Bitaraplygymyz, onuň taryhy kökleri, parahatçylyk taglymatynyň wajyplygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasaty barada degerli maglumatlar berilýär. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebimizde şanly sene mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary, halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, Ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Döwlet KERIMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.