ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGESI BARHA ROWAÇLANÝAR

05-12-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerimiz barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik işleri halkara bileleşiginde giňden goldanylýar. Parahatçylyk söýüjilik ýoluny, agzybirlik ýörelgesini ýöredýän halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni - ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny toýlaýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanylýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýedir.

Hemişelik Bitaraplyk dünýäde ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Türkmenistan Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy esasynda halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde şan-şöhrata eýe boldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän sene hökmünde taryha girdi.

2015-nji ýylyň 3-nji iýu-nynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna Ýer ýüzünde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasy boldy. Şanly ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi. Munuň özi halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan gününden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn daşary syýasaty bu gün hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitabynda şeýle belleýär: “Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini aýtmaga haklydyrys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene - Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr”. Şu setirlerden görnüşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ynha, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda beýik başlangyçlary öňe sürendigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan başlangyçlary, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalar bilen işjeňleşýän hyzmatdaşlygy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasy ugrunyň ykrar edilýändigini görkezýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň baş mukaddeslikleriniň biridir. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi hemişelik Bitaraplygyň düýp mazmunyny düzýär. Şonuň üçin hem Türkmenistan umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan beýik başlangyçlary öňe sürýär. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini çuňňur öwrenmek we olara sarpa goýmak biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr.

Maral ANNADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.