Sport — nesilleriň hemrasy
05-12-25
Ösüşlere beslenýän täze taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlanmagyna, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilmegi, bu ugurda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar. Sportuň ynsan saglygyny goramakda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmekde esasy serişdeleriň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ol jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde esasy orun eýeleýär. Şol esasdan, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň esasy ýörelgesine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem, dünýä halklary-da Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyna aýdyň göz ýetirýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça guralýan köpçülikleýin sport çäreleri ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Çünki köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmek, milletimiziň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleri döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilýär.
Merkezi Aziýada iň iri hasaplanylýan, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän ýapyk welotregiň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, milli welosiped sportunyň taryhynda täze tapgyr başlandy. Bu desganyň hil derejesine daşary ýurtly hünärmenler ýokary baha berýärler. Onda döredilen şertler iri halkara ýaryşlary, dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Sport we ekologiýa ulgamy bitewüdir. Bu ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine, ýaş nesillerde ekologiýa babatda jogapkärçiligiň döremegine, adamyň tebigat bilen ruhy dünýäsiniň baglanyşygyna gönükdirilendir.
Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň sport, köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Sporty ösdürmek babatda maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwrebap sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini görkezýär hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini saýlap almagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen nurana geljege alyp barýan, Watanymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygy hakynda uly alada edip, her bir adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Begmyrat MYRATGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.