Milli sportuň ýeňişli menzilleri
05-12-25
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň barha rowaçlanýan, iri halkara sport ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýy günsaýyn artýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem beýik ýeňişler, uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanýan türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat bolup, bütin halkymyzyň buýsanjyny artdyryp, her birimizi ösüşiň täze sepgitlerine ruhlandyrýar.
Türkmenistan döwletimizde sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly işleriniň netijesinde ýurdumyzyň abraýy belende göterilip, Türkmenistan halkara giňişliginde ynamdar hyzmatdaş, iri sport çärelerini, halkara ýaryşlary guramakda we geçirmekde döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyna eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Bu hem halklaryň arasyndaky halkara gatnaşyklarynda sportuň ähmiýetiniň ýokarydygyndan habar berýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, stadionlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün eziz Diýarymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ilerletmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly işleriniň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilip, Türkmenistan iri sport çärelerini, halkara ýaryşlary guramakda we geçirmekde baý tejribä, döwrebap maddy-enjamlaýyn binýada eýe ýurt hökmünde-de giňden tanalýar. Biz bilim berýän ýaşlarymyza Watanymyzda durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň ähmiýetini içgin düşündirmekde-de giň gerimli işleri alyp barýarys. Şunda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek.
Ähli üstünlikler jemgyýetiň sagdyn bolmagyndan gözbaş alýar. Şol esasdan ajaýyp zamanada giň gerim bilen durmuşa geçirilýän özgertmelerde, kabul edilýän maksatnamalarda halkyň abadan hem sagdyn durmuşyna gönükdirilen tutumlar öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen birlikde, eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ruhy we beden taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmäge gönükdirilen işleri hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Çünki sport Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär. Sport adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär.
Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan, raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap almagyny gazanmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýän döwletimizde saglygyň girewi hasaplanylýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly ýörelgesine öwrüldi. Bu ugurda döredilen şert-mümkinçilikler raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmeklerinde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri türgenlerimizi taryhy ýeňişlere, beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaşlarymyz şeýle uly tagallalara jogap edip, sportda has ýokary netijeleri gazanmak ugrunda yhlas edýärler. Milli sportumyzy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.
Kasym YLÝASOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.