Berkarar döwletiň beýik syýasaty rowaçlanýar
05-12-25
Baky bagtyň ýolunda, bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky ýene-de sanlyja günden hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlar. Bu günki gün türkmenistanlylar bagtyýarlygy, eşretli günleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize çäksiz alkyş bilen ýaşaýarlar. Türkmenistan döwletimiziň goşa ganaty bolan Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz türkmen topragynda baky ýaňlanjak parahatçylygyň, asudalygyň, özerkliligiň owazynyň binýadydyr. Hemişelik Bitaraplygy baýdak edinip, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýoly bilen geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ösüşleridir beýik üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa milletimiziň agzybirligi, jebisligi sarsmaz sütün bolup, beýik döwletiň binýadyna öwrülendir.
Agzybirlik — berkararlygyň binýady, ýurduň baky bagtyýarlygynyň sarsmaz sütüni. Şonuň üçin-de pederlerimiz «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňry biýr» diýip, pent-nesihat edipdirler. Peder pendi — ak ýollaryň ak patasy kimin geljegimize şugla saçýar. Binýady berkden tutulan ymaratlaryň häli bu güne çenli asyl durkunda durşuna asyrlar şaýat. Döwlet berkararlygy hem edil şonuň ýaly. Binýady berkden tutulan döwlet barha kuwwatlanýar, ösüşlerden-ösüşlere, özgerişlerden-özgerişlere sary rowana bolýar.
Özygtyýarlylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk hem-de bir-birege hormat goýmak ýaly dost-doganlyk ruhundaky asylly adamkärçilik sypatlary türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini baglanyşdyrýan özboluşly köprüdir. Merdana pederlerimizden gözbaş alyp, biziň ruhumyza, ganymyza siňen ynsanperwerligiň iň belent sypatlary halkymyza mahsus aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyzyň bu asylly häsiýetleri bu günki gün döwlet syýasatymyzda hakyky mazmuna eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitabynda şeýle belleýär: “Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini aýtmaga haklydyrys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene - Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr”. Şu setirlerden görnüşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ynha, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda beýik başlangyçlary öňe sürendigini buýsanç bilen bellemek gerek.
Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkara forumyň, birnäçe konferensiýalardyr duşuşyklaryň geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň bütin dünýädäki halkara abraýyny has-da pugtalandyrar. Goý, dünýä ýüzünde adamzadyň parahat ýaşaýşy, bagtyýar durmuşy, eşretli geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary uly-uly rowaçlyklara beslensin!
Jahan KERIMOWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymcylyk mekdebiniň Rus dili we edebiýaty mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.