«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» – derwaýys gollanma
21-01-26
Gahryman Arkadagymyzyň: «Sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr» diýen jaýdar jümlelerine berk eýerýäris. Alym Arkadagymyzyň golaýda öz okyjylaryna gowşan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi halkymyzy, esasan hem ýaşlarymyzy diýseň begendirdi.
Hakykatdan hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bu baýramçylyga gymmatly sowgat boldy.
Bu örän gerekli kitaplar ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Düşnükli beýan edilen baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylara türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşjakdygy ikuçsuzdyr.
Bu kitap diňe bir türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrman, eýsem, onda ösümlikleriň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetleri hem açylyp görkezilýär. Fitoterapiýanyň esasy sowallaryny özünde jemleýän bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň derman senagatyny ekologik taýdan arassa dermanlaryň hasabyna ösdürmek boýunça edýän atalyk aladasynyň aýdyň beýanydyr. Güneşe baý Diýarymyzda bitýän derman ösümlikler bolsa, adam bedeni üçin zerur gerek minerallara, witaminlere we beýleki biologik işjeň maddalara diýseň baýdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe derman önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalarymyz täze innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly dermanlyk ösümlikleriň farmakologik we farmasewtik derňew işlerini geçirip, täze derman görnüşlerini taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda, saglyk öýlerinde, saglygy dikeldiş merkezlerinde bedene şypa beriji, ekologiýa taýdan arassa bu önümler dertleri dep ediji serişde hökmünde hödürlenýär. Dermanlyk serişdeler fitoçaý otaglaryny bezäp, müşderilere döwrebap lukmançylyk hyzmatyny etmäge, keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, bu kitap her bir türkmen maşgalasy üçin tapylgysyz şypa çeşmesi bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň dünýäniň birnäçe diline terjime edilmegi hem oňa gyzyklanmanyň uludygynyň güwäsidir, şeýle-de dünýä ylmynda we lukmançylygynda ykrar edilmesiniň kepilnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Täçmyrat DURDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.