Bitaraplyk - buýsanjymyz, şan-şöhratymyz

05-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Dünýä syýasatynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artýar. Halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bu günki gün alnyp barylýan beýik işlere badalga bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden özüniň syýasy ugruny bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga tarap gönükdirdi. Ynha, bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti syýasy zehini bilen taplanan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasy ugry bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Watanymyz parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi. Elbetde, bu zatlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen birnäçe teklipleriň, başlangyçlaryň hem-de möhüm halkara syýasy wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde wysal boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine, öz döwründe birnäçe gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyna ýardam berdi. Möhüm meseleleriň netijeli çözgütlerini tapmaga işjeň gatnaşmak bilen, döredijiligiň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy wagyz edýän Türkmenistan diňe bir täze çemeleşmeleri däl, eýsem, täze garaýyşlaryny hem öňe sürýär. Häzirki döwürde şu meselelerden möhüm mesele ýok.

Türkmenistan häzirki wagta çenli möhüm halkara başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan iň uly üstünligidir.Şeýle-de 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bu Kararnamalar döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişliginde uly goldaw tapýandygyna, Watanymyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna, bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň giňden goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu günki gün biziň döwletimiz bilen ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga döwtalap ýurtlaryň barha köpelip barşy hem megerem, halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň barlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şol gymmatlyklarymyzyň dünýä çykýanlygy bilen bagly bolsa gerek. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde goňşy we dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurlarda hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ony has-da berkidýär. Çünki medeniýet, sungat ynsan kalbyna dostluk köprüsini çekýär.

Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik başlangyçlaryň ýurduna öwrülen güneşli Diýarymyzyň täze taryhy altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle ynsanperwer ädimler, beýik işler diňe bir dünýä döwletleriniň däl, eýsem, iri halkara guramalarynyň baky Bitarap Türkmenistana, hormatly Prezidentimize çuňňur sylag-sarpasyny, hormatyny artdyrýar.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy has-da ýokary galsyn! Türkmen halkyny beýik maksatlara ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulmaýsa KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Deri we weneriki keselleri kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.