Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň özenidir
05-12-25
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly taryhy ähmiýete eýedir. Bu şanly sene her bir watandaşymyz üçin buýsançly senedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durnukly ösüşiň, raýat agzybirliginiň, jemgyýetçilik işjeňliginiň, dünýä ösüşine sazlaşykly goşulyşmagymyzyň, sebit we dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň nusgalyk binýadyna öwrüldi.
Bitaraplyk ýörelgesi ýaş neslimiziň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, röwşen geljege ynamly garamaklaryna, parahatçylykly durmuşyň we durnukly ösüşiň ygtybarly kepiline öwrüldi. Biziň Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji bolup hem-de üç gezek ykrar edilen Bitarap döwletdir. Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, öz syýasatynyň esasy hökmünde halkymyzyň milli häsiýetinden we ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara goldawa eýe bolandygyny subut etdi. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýä bileleşiginiň belent münberinden, 193 döwletiň goldamagynda şeýle Rezolýusiýanyň täzeden kabul edilmegi bolsa, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde uly abraýa, ynama eýedigini görkezdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bilen, Bitaraplyk baýramy halkara derejä eýe boldy. Bu baýram Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde parahatçylyk döredijilik häsiýete eýedigini dabaralandyrýan halkara senä öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýylyň şanly wakasyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň dowamat-dowamdygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde alnyp barylýan tagallalarymyzyň giň goldaw tapýandygyny, ýurdumyzyň bu halkara hukuk derejesiniň uly gyzyklanma eýe bolýandygyny şöhlelendirdi.
Türkmen Bitaraplygynyň özeninde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny, parasatly ruhy-ynsanperwer däplerimiz bolan hoşniýetliligi, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, hoşniýetli goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän milli ýörelgelerimiz durýar. Halkymyz Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda parahatçylykly durmuşyň hatyrasyna ynamly-ylalaşykly ýaşamagy, bala-çagalaryň abadan geljegi ugrunda döretmek, gurmak, daş-töweregi gülzarlyga, bag-bossanlyga öwürmek ýörelgeleri, goňşy bilen garyndaş, dost bilen dogan bolup bilelikde, oňyn hyzmatdaşlyk etmek pelsepesini görýär. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içeri ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini özünde jemleýär. Halkymyzyň watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, halklaryň dostlugyny wagyz edip, edebi-ruhy gymmatlyklaryna siňdiren pikirleri döwletimiziň ahlak esasyny hem düzýär. Bu gün halklaryň ýakynlaşmagy, özara düşünişmegi hem ynanyşmagy döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadyna öwrülýär. Bitaraplygyň ýörelgeleri türkmen milletiniň ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşyp, bu günki durmuşymyzyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem öz beýanyny tapyp, dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna, abraýyna eýe bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejede durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegine öwrülýär. hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, anyk we tutumly işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has işjeň hem-de doly ynanyşmak häsiýetine eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydygyny belläp geçdi. Baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dünýäniň köp ýurtlary bilen dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek işine uly goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalary hem ýurdumyzyň bu tagallalarynyň görkezijileridir.
Ýene-de sanlyja günden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçiriler. Bu çäreler dünýä halklarynyň parahatçylyk söýüjilik tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen täze başlangyçlara badalga berer. Ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.