Dermanlyk ösümlikleri - tebigatyň şypa çeşmesi
06-12-25
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda üsünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Garymanymyz ynsan saglygyny berkitmekde we dikeltmekde dermanly ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplary muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz kop jiltli kitabyny 2010-njy ýylda ýazmaga girişdi. Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada ýazylan uly göwrümli, çuň manyly, giň halk köpçüligi üçin niýetlenen örän uly ylmy çeşmedir.
Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabyny ýazmakda örän köp sanly alymlaryň ylmy derňewlerinden peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän dermanlyk ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy diňe bir türkmen okyjylarynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Bahar ARAŞEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.