Bedenterbiýe-sport hereketi – nesil saglygynyň gözbaşy
21-02-26
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň çar künjegi şatlyk-şowhuna, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler şanly wakalaryň buşlukçysy bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr». Bilşimiz ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde ynsan saglygy hakyndaky aladalar esasynda ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Eziz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni durmuşa giňden ornaşdyrmakda, mukaddes topragymyzyň dermanlyk ösümliklerinden peýdalanmakda, saglyga oňaýly täsir edýän şypahanalary enjamlaşdyrmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.
Sport sagdynlykdyr, ruhubelentlikdir. Sporty söýýän, onuň bilen yzygiderli meşgullanýan islendik ýaşdaky adam beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, fiziki we ruhy taýdan işjeň bolýar. Her bir raýatyň sagdyn ruhda kemala gelmegi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap sport desgalarydyr sport toplumlary bagtyýar ýaşlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Ýokary we orta okuw mekdeplerinde hem sport meýdançalarynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Ýurdumyzda sporty dabaralandyrmakda, ýaşlarda sporta bolan söýgini ösdürmekde asylly işler alnyp barylýar.
Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty beýik maksada — agzybir halkymyzyň we geljekki nesilleriň bolelin, bagtyýar, parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün agzybir halkymyz asuda durmuşymyzyň hözirini görýär, işleýär, döredýär. Ähli il-ulsumyz ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, raýatlarymyzyň abadan durmuşy we dürli ugurlarda zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi, halkymyzyň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek sözlerini beýan edip, bu ajaýyp döwürde — uly möçberli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe parahatçylygy we döredijiligi ileri tutýan ýurtda ýaşaýandyklary üçin özlerini bagtyýar we buýsançly duýýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň, özgertmeleriň, gül açýan durmuşyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren we durmuşymyzy, ömrümizi bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.