Sportuň saglyga peýdasy
20-02-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Döwrebap däpleriň birine öwrülen Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär.
Sportuň saglyga peýdasynyň uludygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem sport gözellik hem sagdynlyk hökmünde ykrar edilýär. Sport — sazlaşyk hem ruhubelentlik, sagdyn bolmaga kuwwatly itergi berýän güýç, saglygyň gözbaşy. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin sportuň ähmiýeti uludyr. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň onlarçasy indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň hyzmatynda.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji gadamlarynyň ruhubelentlikden we sportdan başlanýandygy mälimdir. Sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik ýaşaýyş-durmuş endigine öwren halkymyz bu babatdaky mizemez ýörelgeleri, taryhdan biziň günlerimize gelip ýeten däpleri has hem ösdürip baýlaşdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir.
Türkmen halkynyň nakyllarynda «Bar zadyň sakasy saglyk» diýen pähim bar. Muňa dogry düşünýän raýatlarymyz dürli maşklary ýerine ýetirip, sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ylaýta-da, ruhy zähmet bilen meşgullanýan adamlara maşklaryň görnüşlerini ýerine ýetirmek diýseň zerur. Bu bolsa uzak günki çekjek zähmetiňe hyjuwly ýapyşmaga ýardam berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuşyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ynha, ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, ýörite sport mekdepleriniň bardygyny görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak boýunça Diýarymyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ynsan üçin iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny goramak we onuň ömrüni uzaltmak ynsanyýetiň arzuwlap gelen esasy islegidir. Häzirki wagtda bu arzuw-islegler biziň ata Watanymyzda hakykata öwrülýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ähli tagallalaryň sagdyn jemgyýeti gurmaga, halkymyzyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny öňe sürýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.