Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar
08-12-25
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi dünýä derejesinde möhüm waka bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryny hil taýdan täze tapgyra çykarmaga giň mümkinçilik döretdi.
Bitaraplyk taglymaty — dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.
Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollarymyza gözüň düşýär. Şol ýollar barada ýazylan ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri barada aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden bina edilen döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda mukaddes, milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Şol ynam bilen goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz kemala gelipdir. Dünýäde ençeme döwlet gurmagy başaran ata-babalarymyz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berýär. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde, uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýändigi özüniň oňyn netijelerini berýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Azat MERGENOW,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmanÇylyk uniwersitetiniñ Adam anatomiyasy topografiki anatomiya we operatiw hirurgiya kafedrasynyñ mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.