Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
21-09-24
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karar kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny 10 ýyla çenli möhlete alyp bilerler. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, ekskowatorlary we buldozerleri, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýylda 1 göterim, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýylda 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen karz berilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda 2018-nji ýylda «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda» Karar kabul edilmegi, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakda, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekde, pudagara bazar usullaryny ornaşdyrmak we hususy telekeçileri giňden çekmek ýaly möhüm wezipeleri çözmekde uly ähmiýetli waka boldy. Bu Karardan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda doly durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda daýhan birleşikleriň ekerançylyk ýerlerinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberleri tassyklanyldy, şol ýer bölekleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga berlip başlanyldy. Ilkinji nobatda, bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň azyndan 70 göterimi şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleri üçin ulanylýar. Galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekilýär. Bu ýerleri peýdalanyjylaryň döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri önüm öndürijileriň öz ygtyýarynda galdyrmaga we döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmaga hukugy bardyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (AOHG) bilen bilelikde sebitleýin taslamalaryň 5-si amala aşyrylýar. AOHG-niň «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslamanyň ýerine ýetirilýändigi oba hojalygynyň bu ugrunyň ösüş derejesiniň ýokary boljakdygynyň nyşanydyr.
Häzirki wagtda ýaşyl başly maýsalar öwsüp oturan bugdaý meýdanlaryny, garyş-garyş ýarym boý alyp, ygşyldaşyp oturan pagta atyzlaryny, sogandyr ýeralmanyň boý alan keşlerini göreniňde, ol meýdanlaryň içinde hatar gurap ýören tehnikalary synlanyňda, döwletimiziň her bir raýatyň geljegi barada edýän tagallalaryny duýmak bolýar.
Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda şeýle uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.