He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy – dost-do­gan­ly­gyň ag­zy­bir­li­gi

08-12-25

Ba­ky bag­tyň ýo­lun­da, bag­ty­ýar­ly­gyň goý­nun­da ýa­şa­ýan türk­men hal­ky ýe­ne-de san­ly­ja gün­den he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny toý­lar. Bu gün­ki gün türk­me­nis­tan­ly­lar bag­ty­ýar­ly­gy, eş­ret­li gün­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Milli Liderimize çäk­siz al­kyş bi­len ýa­şa­ýar­lar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň go­şa ga­na­ty bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz hem-de Bita­rap­ly­gy­myz türk­men top­ra­gyn­da ba­ky ýaň­lan­jak pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň, özerk­li­li­giň owa­zy­nyň bin­ýa­dy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy baý­dak edi­nip, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost-do­gan­ly­gyň ýo­ly bi­len gel­je­gi na­zar­la­ýan Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­dir be­ýik üs­tün­lik­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni haý­ra­na goý­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si­niň sa­ka­syn­da bol­sa mil­le­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi sars­maz sü­tün bo­lup, be­ýik döw­le­tiň bin­ýa­dy­na öw­rü­len­dir.

Ag­zy­bir­lik — ber­ka­rar­ly­gyň bin­ýa­dy, ýur­duň ba­ky bag­ty­ýar­ly­gy­nyň sars­maz sü­tü­ni. Şo­nuň üçin-de pe­der­le­ri­miz «Ag­zy­bi­re Taň­ry biýr, ag­za­la­ny gaň­ry­biýr» di­ýip, pent-ne­si­hat edip­dir­ler. Pe­der pen­di — ak ýol­la­ryň ak pa­ta­sy ki­min gel­je­gi­mi­ze şug­la saç­ýar. Bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan yma­rat­la­ryň hä­li bu gü­ne çen­li asyl dur­kun­da dur­şu­na asyr­lar şa­ýat. Döw­let ber­ka­rar­ly­gy hem edil şo­nuň ýa­ly. Bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan döw­let bar­ha kuw­wat­lan­ýar, ösüş­ler­den-ösüş­le­re, öz­ge­riş­ler­den-öz­ge­riş­le­re sa­ry ro­wa­na bol­ýar.

Özyg­ty­ýar­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, ada­lat­ly­lyk hem-de bir-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýa­ly dost-do­gan­lyk ru­hun­da­ky asyl­ly adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry türk­men hal­ky­nyň geç­mi­şi­ni, şu gü­nü­ni we gel­je­gi­ni bag­la­nyş­dyr­ýan öz­bo­luş­ly köp­rü­dir. Mer­da­na pe­der­le­ri­miz­den göz­baş alyp, bi­ziň ru­hu­my­za, ga­ny­my­za si­ňen yn­san­per­wer­li­giň iň be­lent sy­pat­la­ry hal­ky­my­za mah­sus aý­ra­tyn­lyk­lar­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bu asyl­ly hä­si­ýet­le­ri bu gün­ki gün döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da ha­ky­ky maz­mu­na eýe bol­ýar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyny hem-de ösüşini dabaralandyrýan taglymatdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň alamaty hökmünde halkymyzyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ka­ra fo­ru­myň, bir­nä­çe kon­fe­ren­si­ýa­lar­dyr du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi bol­sa, ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­dä­ki hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dy­rar. Goý, dün­ýä ýü­zün­de adam­za­dyň pa­ra­hat ýa­şaý­şy, bag­ty­ýar dur­mu­şy, eş­ret­li gel­je­gi ug­run­da uly ala­da­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, be­ýik tu­tum­la­ry uly-uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Akmuhammet ALÇEKOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.