Türkmen Bitaraplygy — kämilligiň ýoly
08-12-25
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Her bir gününi baky bagtyýarlyga, täze üstünliklere besleýän türkmen halky garşy alýan her bir ajaýyp ýylyny täze öwüşgin bilen döwrebap şekilde atlandyryp, her bir ýyly uly ýeňişlere, rowaçlyklara beslemegi däbe öwürdi. Indi bagtyýar türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt bolup girýän her bir ýylyň öz aýratyn şygary, atlandyrylyşy bar. Bu bolsa özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda parahatlyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramyny agzybirlikde giňden belläp geçýär.
Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde asudalygy üpjün etmek arkaly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, özüniň parahatçylykly syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar.
Parahatçylyk, ynanyşmak syýasatyny alyp barýan, Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk atly iki mukaddesligi ezizleýän, olara guwanýan, buýsanýan halkymyz dünýäde asudalygy üpjün etmek, dostana gatnaşyklary ösdürmek ýaly ýörelgelere hemişe ygrarlydygyny durmuşa geçirýän her bir işiniň mazmunynda aýdyň şöhlelendirýär. Çünki bu iki mukaddeslik halkymyzyň erkana ýaşaýşyny, päk zähmetini üpjün etmek bilen, dünýä halklaryna hem parahatçylyk şuglasyny güneş kimin saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, eziz Diýarymyz halkara giňişliginde uly abraýa eýe boldy. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. «Aziýanyň merjeni» ady bilen tanalýan Aşgabat şäherimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy bolsa sebitde halkara hyzmatdaşlygyň, şeýle hem goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirdi. Bu bolsa ady ýedi yklyma dolan ata Watanymyzyň taryhyna şan-şöhrat goşýan täze ýylyň şygaryndan ruhlanyp, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekmäge, öňegidişlikleri gazanmaga uly mümkinçilikleri açýar.
Bu günki gün türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara beslemek bilen, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bolsa berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly günlerinde ýokary derejeli halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sahid ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyn kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.