Parahatçylyk ýörelgeleri dabaralanýar
08-12-25
Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli işleriniň agzybirlige, parahatçylyga, parahatçylyk arkaly täze ösüşlere gönükdirilendiginiň aýdy nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen şygarynda hem parahatçylyk we ynanyşmak ýaly bitewi düşünjeler bar. Bu şygarda halkymyzyň abadançylygynyň ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilen çagyryş öz beýanyny tapýar.
Bitaraplyk taglymaty eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýän we gurýan halkymyza uly ösüşleri gazanmaga güýç berýär hem-de dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bitaraplyk ýörelgelerine eýerilip, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen işler halkymyzyň asylly häsiýetlerini umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesine ýetirip, halkara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Şonuň bilen birlikde, döwletimiziň binýadyny pugtalandyryp, türkmeniň hoşniýetli, ynsanperwer halkdygyny äleme äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde rowaçlyklaryň aýdyň ýolunda belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oňyn başlangyçlary dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. Biziň ýurdumyz halkara Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, ÝUNISEF, ÝUNEP, ÝUNESKO we beýleki ençeme halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde Diýarymyzda ýaşaýyş-durmuş, ulag-kommunikasiýa, ylym-bilim, nebit-gaz, energetika, oba hojalygy ulgamlarynda ekologiýa taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, iri taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmekde uly işler alnyp barylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň çäklerinde baýramçylyk mynasybetli çäreler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. BMG tarapyndan üç gezek belent ykrara eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi arkaly Ýer ýüzünde abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň hatyrasyna oňyn başlangyçlary öňe sürýän Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde bolup, nusgalyk işleri amal edýär. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan halklary dost-doganlyga çagyryjy ýurt hökmünde toý-baýramlaryň mekanyna öwrüldi.
Durmuşda ähli zat biri-birine bagly bolýar. Parahatçylyk, gülläp ösüş, abadan durmuş ýaly düşünjeler bagtyýar ýaşaýşyň açarydyr. Sebäbi gülläp ösüş abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa, parahatçylyk zerur. Biziň ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň şanly toýlarynyň çäklerinde maslahatlar we oňa ugurdaş forumlar, sergiler, medeni çäreleriň geçirilmegi halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň dowamat dowamlylygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerini täze derejä çykaryp, has-da çuňňur many-mazmuna eýe etdi. Şeýlelikde, ol daşary syýasatymyzyň esasyny düzmek bilen, ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan, asuda ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ata Watanymyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga goşant goşmak ýaly asylly maksatlar rowaçlyga beslenýär. Bitaraplyk derejämiz özüniň many-mazmuny hem-de mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna we gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dostluk ýörelgeleriniň pugtalanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar dillerimiziň senasydyr. Dünýäde parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň dabaralanmagyna gönükdirilen giň gerimli beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Dünýä nusgalyk tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.