«Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi dabaralanýar
09-12-25
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly taryhy ähmiýete eýedir. Bu şanly sene her bir watandaşymyz üçin buýsançly senedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durnukly ösüşiň, raýat agzybirliginiň, jemgyýetçilik işjeňliginiň, dünýä ösüşine sazlaşykly goşulyşmagymyzyň, sebit we dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň nusgalyk binýadyna öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji bolup hem-de üç gezek ykrar edilen Bitarap döwletdir. Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, öz syýasatynyň esasy hökmünde halkymyzyň milli häsiýetinden we ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara goldawa eýe bolandygyny subut etdi. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýä bileleşiginiň belent münberinden, 193 döwletiň goldamagynda şeýle Rezolýusiýanyň täzeden kabul edilmegi bolsa, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde uly abraýa, ynama eýedigini görkezdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bilen, Bitaraplyk baýramy halkara derejä eýe boldy. Bu baýram Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde parahatçylyk döredijilik häsiýete eýedigini dabaralandyrýan halkara senä öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýylyň şanly wakasyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň dowamat-dowamdygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde alnyp barylýan tagallalarymyzyň giň goldaw tapýandygyny, ýurdumyzyň bu halkara hukuk derejesiniň uly gyzyklanma eýe bolýandygyny şöhlelendirdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejede durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegine öwrülýär. hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, anyk we tutumly işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has işjeň hem-de doly ynanyşmak häsiýetine eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydygyny belläp geçdi. Baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dünýäniň köp ýurtlary bilen dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek işine uly goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalary hem ýurdumyzyň bu tagallalarynyň görkezijileridir.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçiriler. Bu çäreler dünýä halklarynyň parahatçylyk söýüjilik tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen täze başlangyçlara badalga berer. Hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.