Hemişelik Bitaraplyk – durnukly ykdysady ösüşiň binýady

09-12-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan işjeň we oňyn orny ýene bir gezek ykrar edildi.

Bu gün Bitararaplyk ýörelgeleriniň parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen birlikde, durnukly ösüşi gazanmaga, asuda-abadan ýaşaýşy üpjün etmäge, dünýä hem-de sebit döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir edýändigini Türkmenistanyň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugry hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini nazarlaýar. Bitaraplyk derejesi ýurdumyza beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giňeltmäge, bilelikdäki sebit taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Türkmen Bitaraplygynyň ykdysady jähetleri, ilkinji nobatda, bu halkara hukuk ýagdaýynyň ykdysady hyzmatdaşlyklar üçin amatly syýasy giňişligi döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň Bitaraplyk derejesi ykdysady gatnaşyklarda daşary ýurt maýadarlarynyň şol döwletiň ykdysadyýetine gönükdirýän maýa serişdeleriniň yzyna girdejili dolanyp gelmegini üpjün etmekde bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bu ýagdaý daşary ýurt maýa goýum akymlarynyň milli ykdysadyýetimize gönükdirilmegini şertlendirýär. Häzirki döwürde Turkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Daşary ykdysady syýasatynyň netijeliligini artdyrmak üçin Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär. Olaryň işi söwda-ykdysady, maýa goýumlar we beýleki ugurlary öz içine alýar. Bitarap Türkmenistan halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň hatarynda energiýa geçirijileriň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri, täze ulag-aragatnaşyk geçelgeleriň we üstaşyr ugurlaryň döredilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar edilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagy, bu ugurlarda öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen, ýurdumyz sebitde üstaşyr ulag geçelgesiniň ornuna ymykly eýe bolýar. Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek üçin zerur şertleri döredýär.

Türkmen Bitaraplygynyň özeninde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny, parasatly ruhy-ynsanperwer däplerimiz bolan hoşniýetliligi, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, hoşniýetli goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän milli ýörelgelerimiz durýar. Halkymyz Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda parahatçylykly durmuşyň hatyrasyna ynamly-ylalaşykly ýaşamagy, bala-çagalaryň abadan geljegi ugrunda döretmek, gurmak, daş-töweregi gülzarlyga, bag-bossanlyga öwürmek ýörelgeleri, goňşy bilen garyndaş, dost bilen dogan bolup bilelikde, oňyn hyzmatdaşlyk etmek pelsepesini görýär. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içeri ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini özünde jemleýär. Halkymyzyň watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, halklaryň dostlugyny wagyz edip, edebi-ruhy gymmatlyklaryna siňdiren pikirleri döwletimiziň ahlak esasyny hem düzýär. Bu gün halklaryň ýakynlaşmagy, özara düşünişmegi hem ynanyşmagy döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadyna öwrülýär. Bitaraplygyň ýörelgeleri türkmen milletiniň ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşyp, bu günki durmuşymyzyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem öz beýanyny tapyp, dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna, abraýyna eýe bolýar.

Bitarap Watanymyzda  dürli ugurlardaky üstünlikler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Çemen ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.