EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DÖWLET SYÝASATYNYŇ DERWAÝYS UGRY
09-12-25
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan ekologiýa syýasaty arassa gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzda esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bag ekmek dabaralarynyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Şu gün hem ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, oňa tutuş halkymyz uly ruhubelentlikde gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli, sebit hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda azyndan 3 million düýp pürli, saýaly we miweli agaç nahallaryny ekmek işleri asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň hem-de ekologik abadançylygyň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri agaç ekmegi sogap iş hasaplaýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işlere goşant goşmak her bir türkmenistanlynyň borjudyr. Diýarymyzda ekologiýa bilimine we terbiýä hem möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşawy goramak babatda halkara gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda dünýä döwletleri BMG-niň howandarlygynda ýa-da ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak maksadynda hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary şeýle hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ösüş we daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (MSOP), Hazaryň ekologiýa maksatnamasy (KEP), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirýär.
Daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berilmegi eziz Diýarymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmekde örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzda şeýle giň gerimli çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologik abadançylyga mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň iki gezek biragyzdan kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çynlakaý çemeleşýändigini hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmek ugrunda ylalaşykly hereket etmäge pugta ygrarlydygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy we taryhy çykyş etdi. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna daýanýan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen Türkmenistanyň suw kodeksi, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ýerleriň meliorasiýasy hakynda”, “Ekologiýa auditi hakynda”, “Ekologiýa maglumaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.