Bitaraplyk — parahatçylygyň senasy
09-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş almak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna bolup geçýän taryhy wakalar aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde halkara parahatçylygy, abadançylygy we ynanyşmagy has-da pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylyp, «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde esasy halkara ygtyýarlyklaryna eýe bolan bu gurama bilen ýurdumyz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri hyzmatdaşlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisiniň işine gatnaşyp, belent münberde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan edip, taryhy söz sözlemegi ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli ýörelgesine ygrarlydygyny bütin dünýä aýan etdi. Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşyndaky: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidigine berk ynanýarys» diýen sözleri-de aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklara örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşýär, bu gurama tarapyndan jar edilen birnäçe maksatnamalary işjeň goldaýar. Şeýlelikde, döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine doly eýerip, dünýä döwletleriniň bilelikdäki tagallalaryny gazanmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçirilen öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklary ýurdumyzyň uly abraýa eýedigini, dünýä döwletleri bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny görkezýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere tarap ynamly alyp barýan, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny has-da belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Döwletmyrat AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.