BUÝANYŇ DERMANLYK ÄHMIÝETI
09-12-25
Bilşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk ösümlikleri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, alym lukman Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär.
Buýanyň dünýäde 15, GDA ýurtlarynda 7, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Olardan diňe iki görnüşi, ýagny süýji hem-de ural buýany senagat taýdan ähmiýetlidir. Buýan ösümligi gadymy döwürlerde hem gymmatly dermanlyk ösümlik hökmünde tanalypdyr. Onuň taryhyna ser salanymyzda gadymy Hytaý lukmançylygynda biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl öň hem mälim bolupdyr we oňa “gans” - “süýji ösümlik” diýip, at beripdirler. Hytaý we Tibet lukmançylygynda buýan köküniň dermanlyk täsirini ady rowaýata öwrülen Ženşeniň köki bilen deňeýärler. Asla, dünýä lukmançylygy buýany we ženşeni ilkinji dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar etdiler. Gara deňziň demirgazyk kenarlarynda, Skif sähralarynda “Süýji köki” ulanýan gadymy grek we rim lukmanlary onuň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetine aýratyn sarpa goýupdyrlar.
Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen grek lukmany Dioskorid buýan köküniň örän süýji tagamlydygy üçin, bu ösümlige “glissiriza” adyny beripdir. Şunlukda gadymy rimliler buýana “likwirisa”, ýagny “düzümi süýjüli” diýen manyda düşünipdirler. Bu söz soňlugy bilen “lakrisa” görnüşine geçipdir. Gadymy döwrüň meşhur lukmanlary hasaplanýan grek alymy Gippokrat, rim lukmany Galen hem özleriniň lukmançylyk iş tejribesinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerinden giňden peýdalanyp, ajaýyp ylmy ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Greklerden buýandan peýdalanmagyň tärleri araplara we Günbatar Ýewropa ýaýrapdyr. Orta asyrlarda buýan köküniň jadyly täsiri Russiýanyň lukmanlaryna-da mälim bolupdyr. Х asyrda Merkezi Aziýada, şol sanda gadymy türkmen topragynda ýaşap geçen Abu Aly ibn Sina hem buýanyň köküni özüniň tebipçilik amalyýetinde ulanyşy hakynda “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly dünýä belli ylmy-ensiklopedik eserinde ýazýar.
Geçen asyryň aýagynda we üstümizdäki asyrda ykdysady taýdan ösen ýurtlarda ösümliklerden taýýarlanylan derman serişdelerine talabyň artmagy bilen buýana bolan isleg hem ýokarlandy. Bu derman ösümligi köpsanly ýurtlaryň milli farmakopeýasyna, şol sanda Türkmenistanyň farmakopeýasynyň sanawyna girdi. Buýan, köp ýyllyk ösümlik bolmak bilen, kökünde glýukozany, askorbin turşusyny, pektini, saponinleri, flawonoidleri, likwiritony, asparagini, efir ýaglaryny, ajylary, sakyzy we beýleki nemli birleşmeleri saklaýar. Buýanyň düzümindäki baş alkaloid - glisirrizin turşusy onuň esasy häsiýetini üpjün ediji maddadyr. Glisirrizin arassa görnüşde gantdan 40-50 esse töweregi süýjüdir. Süýjüliginiň has ýokarylygy mynasybetli ol häzirki zaman derman senagatynda çaga kesellerini bejermekde ulanylýan şerbetleriň düzümine goşulýar.
Buýan köküniň külkesi, ekstrakty (gerdejigi, süýri dänesi) üsgülewüge garşy we gakylyk gopduryjy şerbetleriň esasyny düzýär. Şonuň ýaly-da buýan şerbedi dünýä ýurtlarynyň lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň ylmy lukmançylykda ykrar edilen immun güýji ýokarlandyryjy häsiýeti bolsa bedeniň dürli ýokançlara garşy durmagyna ýardam edýär. Buýan kökünden taýýarlanylan derman serişdeleriniň ýaşyň ýokarlanmagy bilen bagly bedende döreýän madda çalşygynyň bozulmalarynda, çişe garşy, dürli zäherlenmelere garşy täsiriniň bardygy bu ösümligiň aýratyn tarapy hasaplanýar. Buýan kökünden öndürilýän serişdeler aşgazanyň ýara-baş keselinde, öýken inçekeselinde, bronhitde, pnewmoniýada, ekzemada, käbir allergiki ýagdaýlary bejermekde hem haýyrlydyr. Buýan ösümliginiň önümleriniň ýüzüňi nurlandyryp, gözellik berijilik häsiýeti hem bardyr. Turuwbaşdan bellenmeli ýagdaý, ol hem buýan köküniň düzüminde köpsanly biologiki işjeň maddalaryň saklanýandygyny, hiliniň ýokarydygyny nygtamalydyrys. Farmakopeýasynyň talaplaryna laýyklykda buýan kökündäki ekstraktiw maddalaryň mukdary 25 göterimden, glisirrizin 6 göterimden az bolmaly däldir. Türkmen buýanynyň kökünde bolsa bu görkezijiler degişlilikde 45 we 12 göterime ýetýär. Düzüminde işjeň maddalaryň köplügi üçin ýurdumyzyň çäginden ýygnalan buýan köki dünýä bazarynda ýokary islege eýedir.
Taryha ser salanymyzda ýurdumyzda buýan önümçiliginiň başlananyna 100 ýyldan hem köpräk wagt geçipdir. Geçen asyryň başynda Türkmenistana “Mak-Andrýus” atly iňlis-amerikan firmasynyň hünärmenleri Amyderýa sebitiniň florasyny öwrenip, buýanyň köküni köpçülikleýin taýýarlamaklygy ýola goýýarlar. 1906-njy ýylda häzirki Türkmenabat şäherinde buýan köküni presleýji kärhana açylýar. 1969-njy ýylda kärhana giňeldilip, ýylda 500 tonna buýan köküniň goýy toşabyny öndürmäge mümkinçilik gazanýar. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, 1991-nji ýylda ol “Buýan” agrosenagat birleşigine öwrüldi. Häzirki wagtda “Buýan” kärhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” önümçilik toplumynyň düzümine girýär. Soňky ýyllarda buýan ekilýän meýdanlar giňäp, ol Köýtendagdan başlap, demirgazykda Darganata etrabyna çenli uzalyp gidýär.
Ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen buýan köküniň gury (külke görnüşli) toşabyny öndürýän zawod gurlup, “Türkmenderman” senagat birleşigine ulanmaga berildi. Ol zawodyň ýylda 1000 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolup, ýurdumyzyň eksport ukybynyň artmagyna saldamly goşant goşýar. “Buýan” kärhanasy diňe içki bazaryň talabyny ödemek bilen çäklenmän, eýsem, Amerika, Ýaponiýa, Hytaý ýaly döwletlere hem dermanlyk önümlerini eksport edýär.
Diýarymyzda diňe buýan dermanlyk ösümligimiz däl, eýsem, çopantelpek, dyrnaklyja, narpyz, çerbiýe, itburun, ýakymlyja, adaty arpabadyýan, boýbodran, sarygül, bidenek, melissa ýaly dermanlyk ösümlikleriň hem köpçülikleýin ösdürilip başlanmagy we olardan innowasion usullar arkaly dürli derman görnüşleriniň taýýarlanmagy we lukmançylykda ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň doly derejede durmuşa geçýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin biz Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden öz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Atamyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.